Gabak tagamly gaýmakly çorba
Gerekli önümler:
4 sany gabak (kabaçki),
2 sany ýeralma,
1 sany sogan,
1 diş sarymsak,
250 ml gaýmak,
1 nahar çemçe ösümlik ýagy,
1 litr towuk bulýony,
islege görä, duz we burç.
Gazana ösümlik ýagyny salyp, gyzdyrmaly. Oňa ownuk dogralan sogany we sarymsagy atyp, ýumşaýança üç minuta golaý bişirmeli. Ýeralmanyň daşyny aýryp, ýuwup, orta ululykda dörtburç şekilde dogramaly. Gabaklaryň daşyny ýuwmaly. Eger gabaklar kiçiräkden ter bolsa, onda daşyny aýyrman dograsaňyz hem bolýar. Ýeralmany we gabagy gazana atyp, 5 minut gowurmyşlamaly. Önümleriň üstüne towuk bulýonyny hem goşup, gök önümler bişýänçä, pessejik otda gaýnatmaly. Soňra olary blenderden geçirip, püre halyna getirmeli. Çorbamyza gaýmagy atyp, geregiçe duzuny, burçuny hem ýetirip, pessejik otda azrak gaýnatmaly. Taýyn bolan gaýmakly çorbamyzy gaba salyp, üstüne kakadylan çörek bölejiklerini goýup bilersiňiz.
