Lebabyň keramik bezeg sungaty we onuň ussatlary
Küýzegärçilik milli senetçiligimiziň gadymy görnüşleriniň biridir. Geçmişde halkymyzyň durmuşynda küýzeleriň ähmiýeti uly bolup, olar dürli maksatlar üçin ulanylypdyr. Häzirki döwürde küýzeler keramiki bezeg önümleri hem-de medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hökmünde gadyr-gymmatyny ýitirmeýär. Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Ruslan Rejebow hem 2013-nji ýyldan bäri senetçiligiň şu görnüşi bilen meşgullanýar, döwrebap nusgadaky küýzeleri ýasaýar.
— Owadanlygy, özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýan keramiki küýzelerde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy şöhlelenýär. Meniň çagalykdan elime galamdyr kagyz alyp, surat çekmäge höwesim bardy. Okuwçy döwrümde suratkeşlik gurnaklaryna gatnap, küýzeleriň, heýkeljikleriň, jaýlaryň, ir-iýmişleriň suratlaryny çekerdim. Soňra bolsa şol şekilleri toýundan ýasap başladym. Çagalykda dörän arzuwlarym meniň şu senet bilen meşgullanmagyma sebäp boldy — diýip, Ruslan aga gürrüň berýär.
Bu günki gün ony welaýatymyzda tanamaýan ýok diýsek, öte geçmesek gerek. Küýzegär welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerindäki ymaratlaryň keramiki bezeg işlerine önjeýli goşandyny goşýar. Şonuň bilen birlikde ol dürli keramiki bezeg önümlerini döretdi. Onuň döreden «Kerwen», «Jykyr», «Şaglawuk», «Çäýnek», «Atçapar», «Bägül», «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly küýzedir keramiki önümleri welaýat, döwlet derejesinde guralan sergilerde ýerleşdirilip, sungat muşdaklarynyň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Yhlas siňdirilip ýasalan guwuň, ördegiň, düýäniň şekillerini, golçalaryň dürli ölçegdäki görnüşlerini synlan mahalyňda onuň ukyp-başarnygyna, ussatlygyna magat göz ýetirýärsiň. Ruslan aga ýaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň medeni çäreleriniň çäklerinde guralan sergä hem täze döreden sungat eserleri bilen gatnaşdy.
— Döredijilik dünýäsi köptaraply bolanda, özüneçekiji bolýar. Ilki hyýalyňda şekillendirjek zatlaryň nusgalyk keşbi döredilýär. Maňa geljekki sungat eseriniň çyzgylaryny döretmekde maşgalam Manzura ýakyndan kömek berýär. Halkymyzyň arasynda «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýen pähim bar. Oglum Ylhama hem gadymdan gelýän küýzegärçiligiň inçe syrlaryny öwretdim. Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk hünäriniň talyby. Ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewden tälim alýar. Şägirtlerim Yslam Rejebow, Wepa Rozyýew dagy küýzegärçilik senedini inçeden öwrenmäge höwes bildirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesine giň ýol açyldy. Munuň özi ýaşlaryň hünärlerine kämilleşmeklerine itergi berýär — diýip, Ruslan aga öz pikirini beýan edýär.
Küýzegäriň işinde çig maly saýlap almak esasy wezipe. Ussat küýzegär çig mal hökmünde toýny Amyderýanyň kenaryndaky toprakdan alýandygyny nygtaýar. Onuň aýtmagyna görä, topragyň aşaky gatlaklaryndan alnan gyzyl toýun küýze ýasamak üçin has-da ýaramlydyr. Şeýle toýundan ýasalan önümleriň hili hem gowy bolýar.
— Maksatly ýollar myradyňa ýetirýär. Küýzegärçilik senedi meni ymykly özüne çekdi. Döwrümiziň çeper keşbini mundan beýläk-de öz sungat eserlerimde janlandyraryn. Çünki döredilýän eserler duýgularymyzy açmaga, dünýäni gözelleşdirmäge ýardam berýär. Bize sungat äleminde şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! — diýip, Ruslan aga ýüreginiň töründe besleýän arzuwlaryny beýan etdi.
