Ilon Mask: Marsda şäher gurmagyň bahasy 1 — 1000 trillion dollaryň arasynda bolup biler
Kosmos giňişliginde täze maksatnamalary durmuşa geçirýän meşhur işewür Ilon Mask, Marsda ilkinji adam şäherini gurmagyň bahasynyň örän ýokary bolmagynyň mümkindigini mälim etdi. Onuň çaklamasyna görä, bu taslamanyň umumy bahasy 1 trillion dollardan 1000 trillion dollara çenli üýtgäp biler.
Maskyň sözlerine görä, bu baha raketa tehnologiýalarynyň ösüş derejesine gönüden-göni baglydyr. Eger tehnologiýalar häzirki ýagdaýyndan müň esse kämilleşdirilse, gurluşyk çykdajylary 40 ýylyň dowamynda takmynan 1 trillion dollara, ýagny ýyllyk 25 milliard dollardan az möçbere çenli azalyp biler.
SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy ilkinji Starship kosmos gämisiniň 2026-njy ýylyň ahyrynda Marsa ugrarylmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Bu uçuşda kompaniýanyň döredýän Optimus atly adam şekilli roboty hem gatnaşar diýip meýilleşdirilýär.
Ilon Mask ilkinji Marsa uçjak gämisini “Heart of Gold” (“Altyn ýürek”) diýip atlandyrmak isleýändigini hem mälim etdi. Bu at britan ýazyjysy Duglas Adamsyň “Galaktikada awtoulag bilen gezelenç” (“Hitchhiker’s Guide to the Galaxy”) atly meşhur fantastiki kitabyna hormat hökmünde saýlanypdyr.
Şeýle hem Mask, “Ars Technica” žurnalynyň redaktory Erik Bergeriň Starship taslamasynyň üstünlik gazanmak mümkinçiligi baradaky şübhesine jogap berip, öz maksadyna ynamynyň berkdigini belledi.
Ilon Maskyň pikirine görä, adamzadyň Marsda ýaşaýyş gurmagy diňe bir ylmy üstünlik bolman, eýsem dünýä siwilizasiýasynyň täze başlangyjy bolar.
