Awstraliýada dünýäde ilkinji wodorodly gipersesli uçaryň işlenip taýýarlanylmagyna girişildi

Noý 5, 2025 - 17:14
Noý 5, 2025 - 17:16
Awstraliýada dünýäde ilkinji wodorodly gipersesli uçaryň işlenip taýýarlanylmagyna girişildi

Awstraliýanyň Hypersonix Launch Systems kompaniýasy, dünýäde ilkinji wodorod ýangyjynda işleýän köp gezek ulanylýan gipersesli uçary işläp düzmäge girişdi. Kompaniýa bu maksat üçin 46 million amerikan dollary möçberinde maliýe goldawyny aldy. Maýa goýujylaryň hatarynda Milli täzeden gurluş fondy (NRFC), Kwinslend maýa goýum korporasiýasy (QIC) we birnäçe halkara goranyş pudagyna degişli maýa goýujylar bar. Bu maliýeleşdiriş Awstraliýanyň gipersesli uçuşlary hem-de güýçli kosmos-senagat ulgamyny döretmek baradaky uly maksatlaryny goldamak üçin niýetlenendir.

Brisben şäherinde ýerleşýän Hypersonix kompaniýasynyň işgärler topary 45 inženerden we tehnologdan ybarat bolup, olar ýokary derejeli önümçilik we synag işleri bilen meşgullanýarlar. Kompaniýa häzirki wagtda dünýäde ilkinji wodorodda işleýän, köp gezek ulanylýan gipersesli uçary taýýarlaýar. Bu uçaryň tizligi sesden 12 esse ýokary bolar diýlip garaşylýar.

Hypersonix kompaniýasy 2019-njy ýylda, ozal NASA-nyň ylmy işgärlerinden hem-de Kwinslend uniwersitetiniň professory bolan doktor Maýkl Smart tarapyndan esaslandyryldy. Ol täze görnüşli, ekologiýa taýdan arassa we ýokary öndürijilikli wodorod esasynda işleýän uçuş ulgamlaryny ösdürýär.

Bu platformanyň özeni SPARTAN diýlip atlandyrylýan göni akymly reaktiw hereketlendiriji bolup, ol doly 3D printer arkaly çap edilýär we hereket edýän bölekleri ýok. Şeýle tehnologiýa uçaryň tizligini sagatda 14 000 kilometre çenli ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Adaty kerosinli hereketlendirijilerden tapawutlylykda, SPARTAN wodorod bilen işleýär, ýagny uglerod zyňyndylaryny öndürmeýär. Şeýlelikde, ol ekologiýa taýdan arassa, köp gezek ulanylýan gipertiz uçuşlary üpjün edýär hem-de tehniki hyzmatyň derejesini ep-esli azaldýar.