Netflix emeli aň (AI) ulgamyny ornaşdyrýar

Iýul 25, 2025 - 09:44
Netflix emeli aň (AI) ulgamyny ornaşdyrýar

Netflix film we teleseriallary öndürmekde, şeýle hem içerki iş amallarynda generatiw emeli aň (AI) ulgamyny işjeň ulanýar. 

AI-niň ulanylmagynyň ilkinji görkeziji mysaly hökmünde argentin fantastiki teleserialy «El Eternauta»-da bir binanyň ýumrulýan sahnasynyň dolulygyna emeli aň arkaly döredilmegi bolup durýar. Netflix-iň ýerine ýetiriji direktorlarynyň biri Ted Sarandos bu sahnanyň döredilmeginiň AI arkaly adaty wizuallaşdyryş effektlerine garanyňda 10 esse çalt we birnäçe esse arzandygyna ünsi çekdi.

Netflix AI tehnologiýasyny beýleki ugurlarda hem giňden ulanýar. Baş direktor Greg Piters AI-niň şahsylaşdyrylan teklipleri bermekde, kontent gözlegini kämilleşdirmekde we mahabatda ulanylýandygyny aýtdy. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Netflix emeli aň esasynda işleýän interaktiw mahabat hyzmatyny işe girizmegi meýilleşdirýär.