Smartfonlar we saglyk: Çagalar üçin ekran wagtynyň artyk bolmagy nähili howp döredýär?

Smartfonlary, planşetleri we wideooýunlary uzak wagtlap ulanmak çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyna düýpli zyýan ýetirip biler. Daniýaly alymlar şeýle netijä geldiler: çagalykda ekran wagtynyň artmagy maddalar alyş-çalşynyň bozulmagy we geljekde ýürek-damar keselleriniň ýüze çykma töwekgelçiliginiň ýokarlanmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Awg 11, 2025 - 16:48
Smartfonlar we saglyk: Çagalar üçin ekran wagtynyň artyk bolmagy nähili howp döredýär?

Journal of the American Heart Association ylmy žurnalynda çap edilen gözlegiň awtorlary ýürek keselleriniň esasy sebäpleriniň — semizlik, gan basyşynyň ýokarylygy, insulina garşylyk we “gowy” holesteriniň pes derejesi — köplenç çagalykda emele gelýändigine ünsi çekýärler. Bu meseleler bolsa, köplenç ekranlaryň öňünde köp wagt geçirme bilen utgaşýan az hereketlilik, uky bozulmalary we nädogry iýmitlenme sebäpli has hem güýçlenýär.

Gözlegiň gurluşy

Gözlegde iki topar boýunça maglumatlar seljerildi:

  • 700 ene we olaryň 10 ýaşyna çenli çagalary

  • 411 ýetginjek (18 ýaşa çenli)

Ekran wagty:

  • 6 ýaşly çagalaryň 94,1%-niň we

  • 10 ýaşlylaryň 90,3%-niň maglumatlary alyndy.

Ortaça:

  • 6 ýaşlylar ekrana günde takmynan 2 sagat,

  • 10 ýaşlylar 3,2 sagat,

  • ýetginjekler bolsa 6 sagatdan hem köp wagt sarp edýärdi.

Hasaba alnan beýleki faktorlar

Gözlegde jemgyýetçilik we biologik aýratynlyklara hem seredildi:
ene-atalaryň girdejisi, enäniň bilim derejesi we ýaş wagty, çaganyň dünýä inen wagty (hamylalyk hepdesi), öýdäki dogan-garyndaş sany, hamyla wagty enäniň çilim çekip-çekmändigi ýaly maglumatlar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem çagalaryň belli wagt aralyklarynda biline çenli aýlawy, gan basyşy we holesterin derejesi ölçeldi, bu görkeziji ýaş, jyns we boý boýunça düzedildi.

Netijeler

Uly ekran wagty:

  • hereketsiz durmuş ýörelgesi bilen,

  • giç ýatmak bilen,

  • ünsi jemlemekde kynçylyklar bilen (SÝDGH – üns ýetmezçiligi we hiperaktiwlik sindromy),

  • şeker, ýag we az gök önümler bilen baý bolan “günbatar iýmiti” bilen baglanyşykly bolup çykdy.

10 ýaşly oglanlaryň ekran wagty gyzlara garanda köpräk bolupdyr, ýöne 6 ýaşlylarda bu tapawut ýok ekeni.

Esasy netijeler

Çaga näçe köp wagt ekranyň öňünde geçirýän bolsa, onuň ýürek-damar ulgamynyň ýagdaýy şonça-da erbet bolýar. Bu baglanyşyk ýaş ulaldygyça güýçlenýär. Mysal üçin, bir çaga gündelik 3 sagat artyk ekran wagty geçirýän bolsa, onuň ýürek keseline uçrama töwekgelçiligi deň-duşlaryna garanda 25–50% ýokary bolýar. Ýeterlik we wagtynda uklamak bu täsirleri birneme ýeňilleşdirýär, ýöne doly aradan aýryp bileok.

Bu gözleg çagalaryň ekran wagtyny çäklendirmegiň möhümdigini görkezýär. Şeýle çäreleriň durmuşa geçirilmegi kyn görünse-de, tehnologiýanyň özi bilen iň gowy tanalýan adamlaryň — meselem, Stiw Jobs-yň — çagalary üçin şeýle çäklendirmeleri girizendigini ýatlamak ýerliklidir. Belki-de, sagdyn ösüşiň syry hut şu ýerde ýatandyr.