Abraýly baýragyň eýesi

Maý 5, 2025 - 13:45
Abraýly baýragyň eýesi

Germaniýanyň Berlin şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Ýewropa kubogynda 16 ýaşly türkmenistanly gyzyň bürünç medala mynasyp bolan tutluşygy uly üns çekdi. Bu sport bäsleşiginde ýaş türgen Oguljan Ruslanowa üçin halkara derejesinde ilkinji uly üstünlik boldy. Onuň çykyşyna eminler tarapyndan ýokary baha berildi.

Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy bolan Oguljan, 70 kilogram agram derejesinde çykyş etdi. Bu kategoriýada 16 ýurtdan 39 türgen bäsleşdi. Bäsdeşleriniň arasynda halkara ýaryşlarda baý tejribesi bolan dzýudoçylar hem bardy. Şonda-da geljegine uly ynam bildirilýän ildeşimiz bäş garşydaşyny ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy.

Oguljan Germaniýaly Sweni Kedingi, Lýuksemburgly Lara Katerina Malçagy, Leni Welteri we Latwiýaly Alesýa Winselwinsi ýeňmegi başardy. Eger-de fransiýaly Aleksandra Žoffruany hem ýeňip bilen bolsa, altyn medal ugrunda göreşerdi. Bu ýeňliş onuň bürünç medal üçin göreşmäge mümkinçilik almagyna getirdi. Ýaş türgen Gazagystanly Gülsezim Turlybegi ýeňip, bürünç medala mynasyp boldy.

Ýaryşda kümüş medaly fransiýaly türgen gazansa, birinji basgançaga italiýaly Jorjiýa Grassi çykdy. Oguljanyň bu ýeňşi onuň halkara reýtinginde hem beýgelmegine ýol açdy. Ýaryşdan soňra ol öz agram derejesinde dünýäniň iň güýçli ýetginjek dzýudoçy gyzlarynyň arasynda 46-njy orna çykdy.

Şeýle-de, şol ýaryşda 44 kilogram agram derejesinde çykyş eden Ejegyz Geldiýewa ilkinji 7-ligiň arasynda bolmagy başardy.