Aziýa yklymynda uly meşhurlykdan peýdalanýan futbol akademiýada duşuşyk

Maý 10, 2025 - 12:53
Aziýa yklymynda uly meşhurlykdan peýdalanýan futbol akademiýada duşuşyk

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyñ  Baş Sekretary Serdar Geldiýew bilen TFF-niñ Tehniki direktory Röwşen Meredow Katar döwletinin Doha şäherindäki "Aspire" futbol  akademiýasynyñ Tehniki direktory bilen duşuşyk geçirdiler.  

Duşuşygyň dowamynda Aziýa yklymynda uly meşhurlykdan peýdalanýan futbol akademiýasynyñ işiniñ dolandyrylyşy we ýaş ýetginjekleriñ arasynda zehinleri ýüze çykarmak barada alnyp barylýan işler boýunça gepleşikler geçirildi.  

TFF-niñ ýolbaşçylar düzümi ondan sonra Kataryň Futbol Assosasiýasynyň edara binasynda KFA-nyñ Baş Sekretary Mansur Al-Ansari bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada gepleşik geçirdiler.  

Onun dowamynda Kataryñ hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýalarynyň arasynda futboly ösdürmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek hakyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.