Toyota Corolla Cross 2026 täze nesli

Maý 10, 2025 - 11:51
Toyota Corolla Cross 2026 täze nesli

Toyota kompaniýasy täzeden dizaýn edilen Corolla Cross 2026 modelini jemgyýetçilige hödürledi. Täze model diňe bir täzelenen görnüşi bilen däl, eýsem sport usulyndaky GR Sport görnüşi bilen hem tapawutlanýar diýip, Carscoops ýazýar.

Ulagyň öň bölegi petek görnüşindäki giňelyän gözenek, daraldylan faralar we ýokary görnüşlerde oturdylan LED çyralar bilen enjamlaşdyrylan. Şeýle hem yzky çyralarynda we 18 dýuýmlyk ýeňil metaldan taýýarlanan disklerinde üýtgeşmeler bar. Şol bir wagtda ulag öňki ýaly TNGA-C platformasynda galýar.

Salon gurluşynda-da kämilleşmeler göze ilýär: giňeldilen merkezi konsol, täze görnüşli geçiriş selektory, simsiz zarýad beriji, 10,5 dýuýmlyk multimediýa ekrany we 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar paneli bu modeliň döwrebaplygyny görkezýär.

Ýewropa bazary üçin iki sany gibrid hereketlendiriji hödürlenýär: 138 at güýjüne eýe bolan 1,8 litrlik we 194 at güýjündäki 2,0 litrlik wersiýalar. Bu hereketlendirijiler elektromotor we wariator bilen bilelikde işleýär. Ulagda iň täze howpsuzlyk tehnologiýasy bolan Toyota Safety Sense 3.0 ulgamy ornaşdyrylypdyr. Bu ulgam adaptirlenýän kruiz-kontrol we tiz reaksiýa bildirýän tormoz ulgamyny öz içine alýar.

GR Sport görnüşi bolsa has agressiw stil bilen tapawutlanýar: GR Corolla-dan ruhlanan bamper dizaýny, 19 dýuýmlyk gara diskler, şeýle-de ýörite taýýarlanan Storm Grey reňk onuň aýratynlyklarynyň biridir. Şeýle hem ulagyň asma ulgamy 10 mm peseldilen, rulyň dolandyryşy täzeden sazlanan we rul arkasyna ýerleşdirilen tizligi el bilen üýtgetmäge mümkinçilik berýän lepestoklar hem-de Sport tertibi goşulypdyr.

Täze Corolla Cross 2026 modeli Ýewropa bazarynda 2025-nji ýylyň ortalarynda satuwa çykarylmagy meýilleşdirilýär.