Barselona 32-nji gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy

Apr 28, 2025 - 11:10
Barselona 32-nji gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy

Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda "Barselona" we "Real Madridiň" arasynda geçirenlen ýaryşda, Katalonlar 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Bu, "Barselona" üçin Kubogynyň 32-nji ýeňişi bolup, olaryň rekorduna öwrüldi. Oýunda birnäçe täsirli pursatlar ýüze çykdy we diňe bir final däl, eýsem, futbol söýjileriň ýadyndan çykmajak pursatlara baý boldy.

Oýunda ilkinji goly "Barselona" urdy. 28-nji minutda Pedri täsirli zarba bilen "Real Madrid"iň derwezesine gol geçirdi we 1:0 öndeligi gazandy. Emma, "Real Madrid" topary olary jogapsyz goýmady. 70-nji minutda Kilian Mbappe, jerime urgusyny geçirip, hasaby deňledi. 7 minut soň, Orelýen Tçuameni öz golyny geçirip, "Realy 2:1 öňe çykardy.

84-nji minutda "Barselona" gaýtadan oýna girip, Ferran Torresiň goly bilen hasaby 2:2 ýetirdi.

90+6-njy minutda wideo ýazgysy gaýtadan gözden geçirilenden soň, "Real Madrid"iň derwezesine garşy berlen penaltiniň ýatyrylmagy futbol janköýerlerini geň galdyrdy. Şeýle-de, Rafinýa sary duýduryş aldy. Bu, oýunyň gidişini has hem gyzyklandyryp, finaly has täsirli etdi.

Oýunyň 116-njy minutynda, "Barselona" Žýul Kundesiniň geçiren goly bilen 3:2 öndeligi aldy. Bu gol, "Barselona"ny ýeňişe ýetirdi we oýunyň iň soňky netijesini kesgitledi.

"Berselona" bu ýeňişi bilen özleriniň 32-nji Ispaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu, olary Ispaniýanyň Kubogynyň iň köp ýeňiş gazanan topary etdi. "Bilbao" "Atletik" 24 ýeňiş bilen ikinji orny eýeleýär, "Real Madrid" bolsa 20 ýeňiş bilen üçünji orny eýeleýär.

Bu oýun, diňe bir "Barselona" üçin baýramçylyk däl, eýsem, Ispaniýanyň futbolynda ýene-de bir rekord boldy. "Barselona" bu ýeňiş bilen öz kuwwatyny we futbolyň häzirki döwründäki orny barada täzeden pikir etmäge sebäp boldy.