Lebap welaýatynyň Atçylyk sport toplumynda «Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler» atly dabaraly maslahat geçirildi

2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dürli-dürli medeni çäreler geçirilýär. Şol çäreleriň çäklerinde Lebap welaýatynyň Atçylyk sport toplumynyň mejlisler jaýynda hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň gurnamagynda «Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher we etrap Geňeşleriniň işgärleri, şeýle-de Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdy. Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň gadymy atşynaslyk däpleri, behişdi bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhraty, häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk sungatynyň ösdürilmegine berilýän uly üns we alada barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen bedewiniň abraýynyň halkara derejesinde has-da artýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän atçylyk çärelerine işjeň gatnaşmagy hem ýurdumyzyň atşynaslyk sungatynyň beýgelmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar milli hem-de umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak, türkmen atşynaslyk däplerini ýaş nesillere ýetirmek ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de, olaryň alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.