“Green Card” netijeleri 3-nji maýda belli bolar

“Green Card” Lotereýasynyň Netijeleri: Haçan we Nireden Görmeli?

Apr 25, 2025 - 15:59
“Green Card” netijeleri 3-nji maýda belli bolar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşamak we işlemek üçin uly mümkinçilikler döredýän “Green Card” lotereýasynyň netijeleriniň yglan ediljek güni belli boldy. DV-2026 lotereýasynyň netijeleri 3-nji maý, 2025-nji ýyl, Amerikanyň wagty bilen sagat 12:00 (EDT) yglan ediljekdir. Türkmenistanda bolsa bu wagt 3-nji maý, sagat 21:00 töweregi bolar. Şol wagtdan başlap, gatnaşyjylar özleriniň lotereýadaky netijelerini barlap bilerler.

Netijeler Nireden Görülýär?

Netijeleri diňe ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň resmi web sahypasyndan barlap bolýar. Barlamak üçin şu salgyny ulanyň:
https://dvprogram.state.gov/

Netijäni Nädip Barlaýar?

Netijeleri barlamak üçin aşakdaky ädimleri ýerine ýetiriň:

  1. dvprogram.state.gov sahypasyna giriň.

  2. “Check Status” bölümini saýlaň.

  3. Size berlen Confirmation Number-i giriziň.

  4. Familiýaňyzy we doglan senäňizi girizip, Submit düwmesine basyň.

Üns Beriň!

  • Netijeleri barlamak üçin diňe resmi web sahypasyny ulanyň.

  • Email ýa-da telefon arkaly gelen “siz ýeňiji bolduňyz” ýaly habarlara ynanmaň — olar kezzaplykdyr.

  • Ýeňiş gazanan ýagdaýyňyzda, wiza resminamalary boýunça görkezmeleri ýerine ýetiriň.

  • Tassyklaýyş belgiňizi azyndan 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli saklamagy unutmaň.