«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy guramalara «Jañlar merkezi» hyzmatyny hödürleýär

Maý 12, 2025 - 12:02
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy guramalara «Jañlar merkezi» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslara «Jañlar merkezi» (Call-center) hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär. Bu hyzmat kompaniýalaryň, guramalaryň, şeýle hem kiçi we orta telekeçileriň müşderilerinden gelen ýüzlenmeleri gaýtadan işlemäge we maglumat bermegi üpjün etmäge niýetlenendir.

Hyzmat bir wagtda bir telefon belgisine birnäçe gelen jaňy kabul etmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa aragatnaşyk ugrunda islendik wagtda elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Bu aýratynlyk giň müşderi binýady bolan guramalar üçin örän möhüm bolup, hemişelik ikitaraplaýyn gatnaşygy saklamaga mümkinçilik döredýär.