Habi Alonso «Real Madrid» toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi
2025-nji ýylyň 26-njy maýynda «Real Madrid» futbol kluby Habi Alonsonyň täze baş tälimçi hökmünde bellenendigini resmi taýdan habar berdi. 43 ýaşyndaky hünärmen bilen 2025-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam etjek üç ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Alonso bu toparda oýunçy hökmünde 2009–2014-nji ýyllar aralygynda çykyş edipdi. Ol şol döwürde 236 oýun geçirdi we UEFA Çempionlar Ligasy, La Liga hem-de Ispaniýanyň Kubogy ýaly alty sany baýrak gazandy.
Tälimçi hökmünde Alonso Germaniýanyň «Bayer Leverkusen» toparyny üstünlikli tälimçilik etdi. Ol 2023/24 möwsüminde topar bilen Bundesligany we Germaniýanyň Kubogyny gazandy hem-de Ýewropa Ligasynda finala çykdy.
Tanyşdyrylyş dabarasynda, «Real Madrid» toparynyň prezidenti Florentino Peres, Alonsonyň topar bilen bolan çuňňur baglanyşygyny nygtap, onuň toparyň ýeňiş däplerini dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.
Alonso bu jogapkärçilige mynasyp bolandygyny aýdyp, üstünlik gazanyp, janköýerleri begendirmek üçin güýçli topar döretmek isleýändigini belledi.
Tälimçi hökmünde onuň ilkinji resmi oýny, 18-nji iýunda Majami şäherinde başlanjak FIFA Klublaryň Dünýä Çempionatynda «Al-Hilal» toparyna garşy bolar.