Temmäkä Garşy Bütindünýä Göreş Güni

Her ýylyň 31-nji maýynda Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni giňden bellenilip geçilýär. Bu gün temmäkini ulanmagyň howplary we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň temmäki epidemiýasyna garşy alyp barýan işleri barada wagyz-nesihat çäreleri guralýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agza döwletleri 1987-nji ýylda Temmäkä garşy Bütindünýä göreş gününi döretdiler. Bu sene arkaly çilim çekmegiň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleri bilen bagly jemgyýetçilik habardarlygy ýokarlandyrylýar.
Çilimiň tüssesiniň zäherli täsirleri ilkinji nobatda dişleriň daşky syrçasyna zyýan ýetirip, onuň gara hapa bilen örtülmegine, soň bolsa göze görünmeýän jaýryjaklaryň emele gelmegine getirýär. Bu jaýryjaklar keselleri dörediji mikroblaryň adam bedenine düşmegine açyk ýol bolýar. Şeýle hem, çilimiň tüssesi agyz boşlugyndaky we bokurdakdaky nemli örtügi ýakýar. Wagtyň geçmegi bilen bu ýerlerde çişler döreýär we dürli keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Tüýkülik mäzleriniň işi hem çilimiň täsirinde üýtgeýär: olar adatdakysyndan köp tüýkülik bölüp çykarmaga başlaýarlar. Çilimiň düzüminde bolan anilin, ammiyak, şeýle hem rak kesellerini döretmäge ukyply kansorogen maddalar tüýkülik arkaly aşgazana geçýär we onuň nemli örtügine zeper ýetirýär. Netijede, aşgazanda we onkibarmak içegäniň ýüzünde ýaralar emele gelýär.
Ýurdumyzda temmäkä garşy göreş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, temmäkä garşy göreşi giňden guramak, raýatlaryň saglygyny gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şeýle çäreler arkaly Türkmenistany temmäkiden azat ýurt hökmünde ösdürmek ugrunda möhüm ädimler ädilýär.