Iň gowy maglumat stendi taslamasy üçin bäsleşik yglan edildi

“Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy zolaklarynyň çäginde biodürlüligi goramagyň ähmiýeti”

Apr 21, 2025 - 11:42
Iň gowy maglumat stendi taslamasy üçin bäsleşik yglan edildi

BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Global Daşky Gurşaw Gaznasy (GEF), Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda “Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamasynyň çäginde täze döredijilik bäsleşigini yglan etdiler. Bäsleşik “Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy zolaklarynyň çäginde biodürlüligi goramagyň ähmiýeti” mowzugy bilen geçirilýär.

Bu döredijilik bäsleşigi Amyderýa we Gaplaňgyr döwlet goraghanalary hem-de olaryň bufer zolaklary üçin niýetlenen maglumat stendleriniň taýýarlanmagyna gönükdirilendir. Bäsleşige surat, infografika ýa-da sanly taslamalar görnüşindäki işler kabul edilýär. Stendler sekiz esasy kategoriýany öz içine alýar we olaryň her biri Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň goragynda ähmiýetli maglumatlary halka ýetirmek maksadyny göz öňünde tutýar.

Taslamalar, Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygyny hem-de olary goramak boýunça alnyp barylýan işleri beýan etmeli. Şeýle hem döredijilikli we çuňňur çemeleşmeler arkaly biodürlüligi goramagyň möhümdigine ünsi çekmeli.

Bäsleşigiň şertleri:

Bäsleşige Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda wagtlaýyn daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlar hem gatnaşyp biler. Işler PDF görnüşinde türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde tabşyrylmalydyr. Her bir taslama Amyderýa we Gaplaňgyr goraghanalary üçin birnäçe ugra laýyk gelýän stendleri öz içine almalydyr. Stendler düşnükli, açyk we peýdaly maglumatlary bermeli, şeýle hem çeşmeleri görkezýän tassyklanan maglumatlara esaslanmalydyr. Eger awtoryň şahsy suratlary ýa-da tekstleri ulanylýan bolsa, degişli awtorlyk hukuklary saklanylar.

Arza tabşyrmak üçin zerur maglumatlar:

  • Gatnaşyjynyň doly ady (A.F.A ady)

  • Ýaşy

  • Guramanyň ady (bar bolsa)

  • Telefon belgisi

  • E-poçta salgysy

Bäsleşik işler 2025-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli aşakdaky salgylar boýunça kabul edilýär:

  • E-poçta arkaly: undptm@gmail.com

  • Poçta arkaly: Aşgabat, BMG binasy, Arçabil şaýoly, 21, 744036

Baha bermek we emin agzalary:

Işler BMGÖM, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, şeýle hem “Ynanç wepa”, “Ýaş tebigatçy”, “Tebigy kuwwat” we “Eko durmuş” jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat emin agzalary tarapyndan baha berler. Baha bermek aşakdaky ugurlara esaslanar:

  • Bäsleşik şertleriniň doly ýerine ýetirilişi

  • Maglumatlaryň aýdyňlygy we hil derejesi

  • Çeşmeler bilen üpjün edilen ygtybarly maglumatlar

  • Özboluşly pikir we döredijilikli çemeleşme

Stendleriň esasy görnüşleri:

  1. Görkezijiler: Gözegçilik meýdançalary, ekologiki ýodalar we myhman merkezlerine barmaga kömek edýän bellikler.

  2. Sebitiň kartasy: Syýahatçylyk ugurlaryny, tebigat synlanylýan ýerleri görkezýän kartalar.

  3. Howpsuzlyk çäreleri: Goraghanada hereket düzgünleri we tebigaty goramak boýunça görkezmeler.

  4. Resmi maglumat çeşmeleri: Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň sahypalaryna QR kodlar bilen geçiş.

  5. Myhman merkezleri üçin maglumatlar: Ekoulgamlary, gezelenç tertiplerini we medeni-taryhy maglumatlary beýan edýän stendler.

  6. Gözegçilik meýdançalary: Syn nokatlaryndan görünýän ösümlik we haýwanat dünýäsi barada maglumatlar.

  7. Ekologiki ýodalar: Ugur boýunça ösümlik, haýwan we ekoulgamyň aýratynlyklary.

  8. Ekologiki geçelgeler: Haýwanlaryň migrasiýa ýollary we olaryň biodürlülikdäki orny.

Netijeler we baýraklar:

Bäsleşigiň ýeňijileri 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda — Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli — BMG-nyň Aşgabatdaky binasynda sylaglanar. Ýeňiji taslamalar Amyderýa we Gaplaňgyr goraghanalaryndaky maglumat stendlerinde peýdalanylar.

Goşmaça maglumat üçin: