Mýunhene barýan ýol: Inter ýa-da Barselona

2025-nji ýylyň 6-njy maýynda futbol janköýerleri garaşylan duşuşyga şaýat bolarlar — Inter Milan bilen Barcelona toparlary UEFA Çempionlar Ligasyndaky ýarym finalyň ikinji duşuşygynda garşylaşarlar. Duşuşyk Milandaky taryhy San Siro stadionynda geçiriler. Ilkinji duşuşyk 3–3 hasaby bilen tamamlanyp, bu oýun Mýunhendäki geçiriljek final oýnuna çykmagyň kesgitleýji tapgyry bolar.
Barcelona topary şu möwsümde ýokary derejede oýun görkezýär. Lamine Ýamal esasy düzümde çykyş eder. Robert Lewandowski şikesden gutuldy, emma tälimçi ony oýnuň ikinji ýarymynda goşmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, Kunde we Balde ýaly goragçylar duşuşykda bolmaz, bu bolsa toparyň gorag ltaktikasyna täsir edip biler.
Inter Milan bolsa öz meýdançasynda özüni örän ynamly duýýar. Toparyň kapitany Lautaro Martinez ýeňil şikes alany üçin onuň meýdança çykyp-çykmajakdygy heniz anyk däl. Lautaro Martineziň saglygy bilen bagly soraglar bar bolsa-da, Interiň tejribeli düzüminde onuň ornuny doldurmak mümkinçiligi ýokary.
Iki toparyň arasyndaky öňki duşuşyklarda deňlikler we ýeňişler bilen deňagramly netije gazanyldy. Bu duşuşyk hem gaty çekeleşikli geçer diýip garaşylýar. Barcelona-nyň finala çykmak mümkinçilikleri ýokary hasaplansa-da, Inter Milan öz meýdançasynda örän howply garşydaşdyr.
Netijede, bu duşuşyk diňe finala çykmak üçin däl, eýsem futbol söýüjileri üçin hem ýatdan çykmajak sport şowhunyna öwrüler. Final ýolundaky bu iň soňky ädimde iki tarap hem ähli güýjüni görkezerler. Bu duşuşyk diňe futbolçylaryň däl, tälimçileriň ýagny Hansi Flik (Barcelona) bilen Simone Inzagi (Inter Milan) – arasynda hem taktiki göreş bolar.
Futbol janköýerleriniň dykgatyna: oýun ýerli wagt bilen ýary gije 00:00-da bolar. Duşuşyga Älem TV operatorynyň üsti bilen ýokary hilde tomaşa edip bilersiňiz.
Amulinfo web saýtymyza abuna bolmagy ýatdan çykarmaň.