Ýurdumyzda emeli aňy ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda peýdalanmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalarynyň döwlet dolandyryşy, saglygy goraýyş, bilim hem-de oba hojalygy ýaly möhüm pudaklara ornaşdyrylmagy boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň orunbasary Nurmyrat Rejepow maglumat berdi.
Rejepowyň bellemegine görä, emeli aň hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de işleriň netijeliligini artdyrmak üçin täsirli gural bolup biler. Ol Aşgabatda geçirilen halkara maslahatda çykyş edip, dünýä tejribesine esaslanýan hukuk binýadynyň we ýol kartalarynyň taýýarlanýandygyny, şeýle hem bu ugurda bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak boýunça ilkinji ädimleriň ädilýändigini aýtdy.
Şeýle-de, Nurmyrat Rejepow Türkmenistanyň 5G ulgamynyň ösdürilmegi, kosmos boýunça taslamalara gatnaşmak, maglumat merkezleriniň döredilmegi, kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy we emeli aň bilen baglanyşykly ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga açykdygyny nygtady.
Ýurtda kiberhowpsuzlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda agentligiň düzüminde Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy döredilip, netijeli iş alyp barýar. Şeýle hem IT ugury boýunça ýaş zehinlere giň goldaw berilýär, ýöriteleşdirilen ýokary okuw jaýlary döwrebap derejede kämilleşdirilýär diýip, Rejepow belledi.
Rejepowyň sözlerine görä, sanly ykdysadyýete geçmekde möhüm programma üpjünçilikleri ýerli hünärmenler tarapyndan taýýarlanylýar. Şol bir wagtyň özünde hususy sektoryň çäklerinde täze IT-klasterler döredilýär, häzirki zaman IT-parklar açylýar. Bu başlangyçlar ýurduň sanly infrastrukturasyny ösdürmäge, ylym bilen önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy berkitmäge hem-de innowasion çözgütleriň halkara bazaryna çykmagyna ýardam berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda Nurmyrat Rejepow halkara hyzmatdaşlaryny 2025-nji ýylyň 12–14-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmentel 2025» sergisine we maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu çäre sanly tehnologiýalar boýunça tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döreder.