Zamanasynyň Baba Gammary

Şabram şelpeleriň aşak-ýokaryk inipgalmagyndan, perdeleriň inçe ýolunyň o başyndan bu başyna edilen gatnawlardan döreden ajaýyp owazlary bilen bu toprakda adyny hemişelik goýup giden ussatlaryň biri-de Türkmenistanyň halk bagşysy Mylly Täçmyradowdyr.

Apr 23, 2025 - 15:48
Zamanasynyň Baba Gammary

Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Halk saz medeniýetimiziň ösmegine bimöçber goşant goşan, «Zamanasynyň Baba Gammary» diýen ada mynasyp bolan, sütün-sütün mukamlary ýokary ussatlykda çalyp, nesillere miras galdyran, uly halypa» diýlip hormat bilen bellenilip geçilýän ussat sazanda Mylly Täçmyradow 1885-nji ýylda Gökdepäniň Ýaňgala obasynda dünýä inýär. Elbetde, «bagşylaryň obasynda» dogulmagynyň özüni-de Mylly Täçmyradowyň ykbalyny kesgitlän ýagdaýlaryň biri hasaplap bolar, ýöne on ýaşdan geçiberende maşgalasynyň Aşgabada göçüp gelmegi-de ussadyň geljekki ýoluna az täsir etmändi. Bu ýoluň gözbaşlarynda Mämmet Myrat ussa ýaly halypalaryň gabat gelmegi-de onuň üçin uly şowlulyk bolupdy. Ilkinji halypasy bilen sazlaryň owadan dünýäsine aralaşyp ugran Mylly Täçmyradowyň Sary bagşy, Kel bagşy bilen tanyşmagy bilini berk guşap, bagşy-sazandalaryň yhlas-söýgüsinden görk alan gadymy ýola ymykly düşmegine getirýär. Sebäbi milli saz sungatymyzyň bu iki sütüniniň elini yzarlamaga het edip biläýmegiň özi-de uly batyrgaýlykdy. Mylly welin ol halypalar bilen ilkinji duşuşygynda barmaklaryny büdretmän, ynamly çalmagy başarypdy. Muňa garamazdan, heniz-henizler geçmeli çarkandaklarynyň, ýetmeli sepgitleriniň öňdedigine gözi ýetik ýaş sazanda irginsiz öwrenýär, dutarynyň birjik-de dymyp durmagyna ýol bermeýär. Şeýdip, ol halkyň söýgüsi bilen birlikde, kem-kem halypalaryň hem doly ykraryna eýe bolýar. Onuň ady halypalar bilen deň tutulyp başlaýar. Ol öz döwründe Garly bagşy, Oraz Salyr, Täçmämmet Suhanguly, Sary bagşy, Hally bagşy, Nobat bagşy, Hydyr bagşy, Hanmämmet gyjakçy ýaly ussatlar bilen milli aýdym-saz sungatymyzyň nepisligini has-da belende götermäge ägirt uly goşandyny goşupdy. Mylly Täçmyradowyň çylşyrymly hem-de ýerine ýetirijiden ýokary ussatlygy talap edýän belent mukamlarymyzyň biziň günlerimize gelip ýetmegindäki hyzmaty bimöçberdir. Sebäbi ol özünden öňki ussatlaryň döredijiligini ilik-düwme öwrenip, özboluşlylygyny, şireliligini ýitirmän, geljekki nesillere ýetirmegi başarypdyr. Özünden öňki halypalaryň hiç biriniň ýazgy galdyryp bilmändikleri sebäpli, 1930-njy ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Halk saz gurallary ansamblynda dutarçy bolup, Mylly aganyň galdyran ýazgylarynyň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Ol mukamlaryň asyl nusgasyny, belli-belli ussatlar tarapyndan çalnyş özboluşlylyklaryny ýörite ýazgylar arkaly görkezipdir. Her bir sazyň özboluşly depginini, şowhunyny, basymyny, gapak syryş, şelpe kakyş ýaly dürli aýratynlyklaryny, bezeg görnüşlerini görkezip çalandygy sebäpli, häzirki halypalar hem öz şägirtlerine olary öwran-öwran diňlemegi hökmanylyk hökmünde tabşyrýarlar. «Jereni kyblam», «Hajygolak», «Ýandym», «Heserli» kimin meşhur halk mukamlarymyzyň täze nusgalaryny işlän ussadyň döreden «Ugradyş», «Hüjüm», «Ýeňiş», «Bahar» ýaly sazlary-da özünden soňkular üçin uly mekdep bolupdy. Ol mekdebiň sapaklaryny alyp kemala gelen, saz sungatymyzyň ägirtlerine öwrülen şägirtleri tarapyndan ussat halypanyň özüne bagyşlanan eserleriňem ençemesi döredi. Olardan Jepbar Hansähedowyň «Unutman», Ýagmyr Nurgeldiýewiň «Halypama», Soltanmyrat Jygaýewiň «Ýatlama», Ata Ablyýew bilen Geldi Bäşiýewiň «Ýaňlananda Mylly aganyň dutary», Nury Halmämmedowyň «Dutaryň owazy» ýaly eserleri sungat ebediliginiň nusgasy hökmünde şu günlerem teleradioýaýlymlarda, toý-baýramlarda yzygiderli ýaňlanýar. Milli aýdym-saz sungatymyza tutuş ömrüni, kalbyny bagyşlan ussat 1960-njy ýylda dünýäden ötýär. 1993-nji ýylyň 20-nji awgustynda oňa «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly at dakylýar.