MMA-nyň türkmen ýyldyzy Döwletjan Ýagşymyradow
Türkmenabatdan başlanan ýol, dünýä çempionlygyna çenli uzady. Döwletjan Ýagşymyradow – diňe bir türgen däl, eýsem, sporty we watanyny dünýä tanadan sportsmeni.

1989-njy ýylda Lebap welaýatynyň merkezi bolan Türkmenabat şäherinde dünýä inen Döwletjan, ýaşlykdan sporta bolan ukybyny görkezdi. 6 ýaşynda karate bilen başlap, az wagtdan Türkmenistanyň çempiony boldy. Soňra kikboksing, hanmudo ýaly sport görnüşlerinde hem üstünlik gazandy. Ýöne onuň ykbaly garyşyk başa-baş söweş (MMA) bilen baglanyşýardy.
2021-nji ýylda Döwletjan Ýagşymyradow amerikan “Bellator” guramasynda çykyş edip başlady. Ilkinji garşydaşy güýçli söweşiji Kori Anderson boldy. Söweş agyr bolsa-da, Döwletjan tomaşaçylaryň ünsüni çeken çydamlylygy we güýçli häsiýeti bilen tapawutlandy.
Soňra braziliýaly Rafael Karwalýo we litwaly Žulius Englikas bilen bolan söweşlerde ýeňiş gazandy. Bu ýeňişler, onuň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, dünýäniň güýçli söweşijileriniň biri bolandygyny subut etdi.
2024-nji ýylda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen PFL finalynda Döwletjan diňe 58 sekuntda amerikaly Impa Kasanganaýy nokaut etdi! Bu ýeňiş bilen ol “Professional Fighters League”-niň çempiony boldy. Dünýä mediatory bu ýeňişi “Ýyldyrym ýaly ýeňiş” diýip atlandyrdy.
2022-nji ýylda ol türkiýäniň meşhur “Kuruluş: Osman” serialynda hem keşp janlandyrdy. Sportda bolşy ýaly, kino sungatynda-da çynlakaý çykyş edip tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.
Lebapdan dünýä çykyp, dünýä arenasynda ýeňiş gazanan Döwletjan ýaş türgenler üçin nusgalyk göreldedir. Ol diňe bir güýçli türgen däl, eýsem, milli buýsanç hökmünde sportuň üsti bilen türkmen ýaşlaryna ylham berýär.
Döwletjan Ýagşymyradowyň maksady — dünýä MMA taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyrmak. Ol sportyň üsti bilen diňe özüniň däl, eýsem, Türkmenistanyň adyny dünýä tanatmaga dowam edýär.