Türkmenistan CAVA Milletler Ligasynda Eýrandan utuldy

Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAVA Milletler Ligasy — 2025-de Eýran bilen bolan duşuşykda 1–3 hasap bilen ýeňildi. Bu ýeňiş Eýran ýygyndysynyň bu ýaryşdaky ikinji üstünligidir, emma türkmen topary bilen duşuşyk olar üçin ýeňil düşmedi.
Türkmen wolleýbolçylary üçünji setde ajaýyp oýun görkezip, ony 25–23 hasap bilen utdylar. Dördünji setde bolsa iň soňky pursatlara çenli göreşip, diňe 27–29 hasap bilen ýeňildiler.
Türkmenistanyň öňünde entek möhüm oýunlar bar. Bu duşuşyklaryň netijesi ýygyndynyň indiki tapgyra çykmak mümkinçiliklerini kesgitlejekdir.