Türkmen-Gazak dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrylýar

21-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary başlandy. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip, sebit we ählumumy derejede köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Bu babatda Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda Gazagystan bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir.

Apr 24, 2025 - 23:05
Türkmen-Gazak dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Gazagystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstan şäherindäki Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Baştutany mähirli garşylanyldy we Türküstan şäheriniň taryhy barada gürrüň berildi. Bu ýerde Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi hem ýerleşýär. Türküstanyň medeni mirasy köpdürli we köptaraplydyr. Bu şäher öz däp-dessurlary, senetçilik sungaty bilen meşhurdyr. Milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlygyň çäklerinde Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz we Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart Tokaýew, ilki bilen, Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine bardylar. Aramgähiň içinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň müftüleri Gurhandan aýat okadylar hem-de dogadileg etdiler. Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany «Etnoaul» milli medeni toplumyna baryp gördüler. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wi ga­zak mil­li döredijilik topary mähirli garşylady. Toplumyň wekili gazak ak öýi, gazak halkynyň gadymy döwürlerde ulanan öý hojalyk esbaplary, haly önümleri we beýlekiler bilen tanyşdyrdy. «Etnoaul» milli medeni toplumy «Kazanat» aýlawynyň çäginde 2 müň 500 inedördül metr meýdany tutýar. Toplumyň ähli ekspozisiýasy 30 sany ak öýde ýerleşdirilip, bu ýere gelýänleri gazak halkynyň baý taryhy, medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen tanyşdyrýar. Aýlawda adaty atly sport çäreleri bilen birlikde, gadymy çarwadarlaryň milli sport görnüşleri boýunça ýaryşlar hem geçirilýär. «Etnoaulda» saz we teatr sungaty festiwallary, suratkeşleriň, amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň ussatlyk sapaklary, senetçilik we çeperçilik sergileri, köp sanly beýleki medeni çäreler geçirilýär. Şeýle-de bu ýerde milli aşhananyň tagamlary taýýarlanylýar, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda konsertler, şüweleňler geçirilýär. «Etnoaul» milli medeni toplumy bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz hem-de Prezident Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew «Tur­kis­tan Visit Cent­re» syýahatçylyk-maglumat merkezine ugradylar. Ýol ugrunda Milli Liderimiz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany ýadygärlik surata düşdüler. Syýahatçylyk-maglumat merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew Tür­küs­tan şä­he­ri barada wideoşekile tomaşa edip, taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti «Karavansaray Turkistan» syýahatçylyk toplumyna baryp gördüler. «Karavansaray Turkistan» Gündogar ertekisi äheňinde gurlan syýahatçylyk toplumydyr. Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz hem-de Gazagystanyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew hem­me­ler bi­len hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.