Selin ýa-da ýürekden gelen şypa

Apr 24, 2025 - 23:32
Selin ýa-da ýürekden gelen şypa

Garagum sährasy, dünýäde seýrek duş gelýän täsin ösümliklere baýdyr. Bu ösümlikler diňe bir ekologiýa taýdan däl, eýsem, dermanlyk hökmünde hem uly ähmiýete eýedir. Şeýle ösümlikleriň biri-de selindir. Onuň boýy 1-1,5 metr, däneliler maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk, bajak emele getirýän ösümlik. Ol Garagum sährasynda we beýleki çöl ýerlerinde ösýär. Selin halk lukmançylygynda hem giňden peýdalanylypdyr. Rowaýata görä, ir döwürde Garagum sährasynda bir ýaş ýigit agyr derde duçar bolupdyr. Lukmanlar näçe jan etseler-de, onuň derdine derman tapyp bilmändirler. Şonda ýaş ýigidiň ejesi çölden dürli ösümlikleri ýygnap, melhemlik çaýlary taýýarlapdyr. Şol çaýlaryň içinde selin hem bolupdyr. Oglan bu çaýlardan içip, sagalyp, aýak üstüne galypdyr. Şondan bäri selin halk arasynda «Ýürekden gelen şypa» ady bilen tanalypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem selin barada gymmatly maglumatlar berilýär.