Faýllar nirä gidýär?

Haçan-da faýly pozanyňyzda, ony gaty diskdäki täze salga ugradýarsyňyz. Şol sebäpli kompýuter pozulan faýlyň ýerini boş görkezýär. Faýllar bolsa sifrlenen maglumatlar binýadyna (binary digit) göçürilýär. Uly faýllar, köplenç, birnäçe ýerde saklanýar. Şeýlelikde, faýl hiç wagt ýok bolmaýar. Şonuň üçin pozulan faýllary dikeltmek hem mümkindir. Şunda ýörite programmalar (FileRecovery) ulanylýar.