“Galkyn GPT” animasiýa döredýär: Türkmenistanyň emeli intellekti täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýaş IT hünärmenleriniň taýýarlan giňeldilen emeli intellekti bolan “Galkyn GPT” täze tehnologiýa eýe boldy. Ol indi suratlary diňe bir tanamak bilen çäklenmän, eýsem olaryň esasynda animasion görnüşleri hem döretmegi başarýar.
Bu mümkinçilik Galkyn GPT-niň täze algoritmler we öwreniji modeller arkaly kämilleşdirilmegi netijesinde amala aşyryldy. Programmanyň häzirki nusgasy häzirki wagtda bir görnüşli suraty hereket edýän animasiýa öwürmek bilen birlikde, realistik hereketleriň, ýüz mimikalarynyň we täsirli fonlaryň döredilmegine hem mümkinçilik berýär.
Täze mümkinçilik baradaky maglumat bilen çykyş eden taslamanyň baş hünärmeni Merdan Ataýew şeýle diýýär:
— Bu täze ösüş Galkyn GPT-ni diňe bir maglumat işläp taýýarlamak üçin däl, eýsem döredijilik ugrunda hem peýdaly gurala öwürýär. Häzirki wagtda biz türkmen nakyllary, rowaýatlary we halk ertekileri esasynda çagalara niýetlenen animasiýalar taýýarlamak ugrunda taslamalar alyp barýarys.
Galkyn GPT-niň bu aýratynlygy dünýä belli tehnologiýalaryň derejesine laýyk bolup, Türkmenistanda emeli intellekt ulgamynyň çalt depginde ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Programmanyň ilkinji synaglary bilim ulgamy, medeniýet we media pudaklarynda üstünlikli geçirilýär.
Täze funksiýanyň ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetine, telewizion önümçiligine we hatda mugallymçylyk işlerine hem täsir etmegine garaşylýar. Bilermenleriň pikirine görä, “Galkyn GPT” arkaly döredilen animasiýalar ýaş nesliň öwrenmek islegini artdyryp, okuw materiallaryny has gyzykly we elýeterli eder.
Türkmenistanyň sanly ösüş strategiýasynyň çäklerinde taýýarlanan bu çözgüt, ýurdumyzda döredijilik we tehnologiýa ugrundaky mümkinçilikleriň barha giňelýändigini görkezýär.