Türkmenistanyň nebit-gaz senagatynda halkara hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, ykdysady ösüşi gazanmakda hem-de dünýä bazarlaryna uglewodorod serişdelerini çykarmakda möhüm rol oýnaýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň nebit-gaz senagatynda daşary ýurt kompaniýalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk giň gerimde ösdürilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwlet syýasatyny hormatly Prezidentimiz üstünlikli dowam etdirýär.
Geçen hepdede paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyk halkara hyzmatdaşlygyň möhüm täze tapgyrynyň başlanýandygyna şaýatlyk etdi. Bu duşuşygyň dowamynda iki möhüm ylalaşyga gol çekildi. Şolaryň biri — «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň arasynda, beýlekisi bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasy bilen baglaşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň 14-nji maýda degişli resminamalara gol çekmegi bilen, bu halkara şertnamalaryny baglaşmak üçin «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine resmi ygtyýar berildi. Şu resminamalara laýyklykda, «PETRONAS» we «ADNOC» kompaniýalary bilen bilelikde Hazar deňziniň türkmen bölegindäki «Toplum-1» şertnamalaýyn çäkde täze nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek işleri alnyp barlar. Bu başlangyçlar hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin esasda dowam etdirilmegine mümkinçilik berip, ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Ylalaşyklaryň gazanylmagy diňe bir ykdysady taýdan ähmiýetli bolman, eýsem, Türkmenistanyň dünýäde ygtybarly energetika hyzmatdaşydygyny hem ýene bir gezek tassyklaýar. Bu waka ýurdumyzyň iri nebit-gaz düzümleri bilen Malaýziýanyň we BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda gatnaşyklary has-da berkitdi. Şeýlelikde, Türkmenistan diňe bir sebitde däl, eýsem halkara derejesinde-de energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm merkezi hökmünde çykyş edýär.
Munuň bilen birlikde, ýurdumyz uglewodorod serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen baglanyşykly strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine, täze maýa goýumlarynyň çekilmegine we halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan belent maksatly tutumlar bize buýsanç we ynam döredýär. Häzirki döwürde alnyp barylýan giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň netijeli ulanylmagyna hem-de Bitarap Türkmenistanyň halkara arenadaky abraýynyň has-da artmagyna ýardam berýär.