Hromatografiýa – çylşyrymly garyndylary analizlemegiň döwrebap usuly

Häzirki zaman analitiki himiýasynda giňden ulanylýan usullaryň biri hem hromatografiýa bolup, ol çylşyrymly himiki garyndylary aýratyn komponentlere bölmekde we olaryň düzümindäki belli maddalary anyklamakda ýokary takyklyk bilen hyzmat edýär. Hromatografiýa — bu garyndyny hereketsiz fazadan (suwuklyk ýa-da gaty absorbent) geçirmek arkaly aýratyn komponentlere bölmegiň fiziki-himiki usulydyr.
Hereketlenýän fazanyň görnüşine görä hromatografiýa usullary dürli görnüşlerde bolup biler. Eger hereketlenýän faza suwuklyk ýa-da gaz bolsa, degişli usul suwuklykly hromatografiýa ýa-da gaz hromatografiýasy diýlip atlandyrylýar. Gaz hromatografiýasy, öz gezeginde, häzirki wagtda iň giňden ulanylýan we çylşyrymly organiki garyndylary hem netijeli analiz edip bilýän usullaryň biridir.
Gaz hromatografiýasynyň esasynda näme ýatýar?
Gaz hromatografiýasynyň absorbsiýa görnüşinde, komponentlere bölünjek garyndy ýörite absorbentiň gatlagyndan geçirilýär. Bölünme hadysasy, garyndynyň her bir komponentiniň berlen şertlerde berlen absorbente dürli siňdirilmegine (absorbsirlenmegine) esaslanýar. Başgaça aýdanyňda, garyndynyň her bir komponentiniň siňdirilme koeffisiýenti dürli bolansoň, olar dürli wagtyň dowamynda we dürli derejede absorbente geçýär we bölünýär.
Gaz-suwuklyk hromatografiýasy diýlip atlandyrylýan görnüşinde bolsa, hereketsiz faza hökmünde inert gaz akymyna berlen suwuklyk hyzmat edýär. Bu usulda suwuklyk bilen örtülen gaty faza garyndynyň komponentlerini saklaýar we olaryň hereketini tapawutlandyrýar. Şonuň netijesinde hem olaryň komponentlere bölünmegi amala aşyrylýar.
Kapillýar hromatografiýasy
Kapillýar hromatografiýasy diýlip atlandyrylýan usulda bolsa hereketsiz faza örän inçe (0,25 — 0,35 mm diametrli) kapillýaryň diwaryna berilýär. Bu ýagdaýda garyndynyň komponentleri suwuk hereketsiz fazada dürli ereýjilik derejesine ýa-da emele getirýän kompleks birleşmeleriniň durnuklylygyna görä bölünýärler. Netijede, olaryň her biri dürli wagt aralygynda çykyp, aýratynlykda anyklanylýar.
Hromatografiýanyň ähmiýeti
Hromatografiýanyň esasy maksady — garyndynyň komponentlerini aýyrmakdyr. Ýöne bu usul diňe bölmek üçin däl, eýsem analiz edilýän garyndyda belli bir komponentiň barlygyny ýa-da onuň mukdaryny anyklamak üçin hem ulanylýar. Gaz hromatografiýasy şu maksat bilen giňden peýdalanylýar we ol dürli pudaklarda — himiýadan başlap, lukmançylyk, ekologiýa, farmasiýa we azyk senagatyna çenli — giňden ornaşdyrylandyr.
Gaz hromatografiýasynyň gurluşy we işleýşi
Analizlenýän garyndy gaz hromatografiýasynda göni ýa-da ýörite baýpas kamerasynyň üsti bilen bölüji sütüne girizilýär. Gaz akymynda (inert gaz) garyndy sütüniň içinden geçýär. Sütüniň gurluşy dürli görnüşli bolup biler — gaty absorbent ýa-da suwuklyga siňdirilen gaty inert substrat bolýar. Käbir komponentler bu sütiň içinde saklanmazdan göni geçýärler, beýlekileri bolsa doly siňdirilýär ýa-da sütiň içinde hereketsiz faza bilen gaz äkidijiniň arasynda ýaýraýarlar. Şeýlelikde, olaryň bölünmegi amala aşyrylýar. Şeýle-de bolsa, käwagt birnäçe komponentiň bölünme aýratynlyklary gabat gelýär we olar bilelikde çykyp bilerler — bu ýagdaý analizde kynçylyk döredip biler.
Enjamlaýyn mümkinçilikler we detektorlar
Gaz hromatografiýasy bilen işlemek üçin dürli tehniki serişdeler we detektorlar ulanylýar. Bu enjamlar köplenç 350°C-a çenli temperaturada işleýärler we dürli komponentleriň — gaz we suwuk — düzümini analiz edýärler. Bölünme prosesi izotermiki (yzygiderli temperatura) ýa-da programmirlenen temperaturaly ýagdaýda amala aşyrylýar. Komponentleriň çykmagyny anyklamak üçin bolsa birnäçe dürli detektorlar — ýalyn ionlaşdyryjy detektorlar, ýyladyş geçirijilikli detektorlar (katrometrler), massa spektrometrler ýaly ýokary takyklykly enjamlardan peýdalanylýar.
Hromatografiýa usuly — kämilleşdirilen nazaryýesi we döwrebap tehnikalary bilen häzirki döwürde analitiki himiýanyň esasy sütünleriniň biridir. Her näçe çylşyrymly bolmagyna garamazdan, onuň mümkinçilikleri örän giňdir. Organiki himiýada, derman serişdeleriniň öndürilmeginde, azyk önümleriniň hilini barlamakda, ekologiýa taýdan zyýanly maddalaryň anyklanylmagynda hem-de ylmy gözleglerde bu usul ajaýyp netijeleri berýär.