Türkmenistanyň Prezidenti Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň geografik taýdan Ýewropa bilen Aziýanyň aralygynda ýerleşmegi onuň halkara söwda we ulag geçelgeleri üçin möhüm ýurt bolmagyna şert döredýär. Şonuň üçin bu ugra aýratyn üns berilýär.
Ýurduň raýat awiasiýasy hem tapgyrlaýyn ösdürilýär. Täze howa menzilleriniň gurulmagy, bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ulgamda alnyp barylýan işleriň möhüm bölegidir. Şeýle çäreler, diňe bir içerki ýolagçy gatnawlaryny däl, eýsem halkara ugurlaryny hem ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” esasynda amala aşyrylýar. Bu maksatnama dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine, täze tehnologiýalara we häzirki zaman inženerçilik çözgütlerine daýanýar.
Täze açylan Balkanabat Halkara howa menzili hem şu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.