2025-nji ýylda Türkmenistanda ykrar ediljek daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025-nji ýylda resmi taýdan ykrar ediljek daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň täze sanawyny taýýarlap, jemgyýetçilige ýetirdi. Bu sanawda dünýäniň öňdebaryjy reýting guramalarynyň belleýän abraýly uniwersitetleri ýerleşdirildi.
Täze sanaw bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-saýtynda tanyşmak mümkin. Oňa “Üç missiýaly uniwersitet” atly Moskwanyň halkara reýtinginde, “The World University Rankings 2025”, “QS World University Rankings 2025” we “Academic Ranking of World Universities 2025” (Şanhaý reýtingi) sanawlarynda ady bolan ýokary okuw mekdepleri girýär.
Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary daşary ýurt diplomlarynyň milli talaplara laýyk gelýändigini barlamak we olaryň ýurt içinde resmi hukuk güýjüne eýedigini tassyklamak maksady bilen ykrar etmek işlerini alyp barýarlar. Bu ugurdan daşary ýurtlarda bilim alan raýatlaryň diplomlaryny seljerip, degişli ýagdaýda resmi taýdan ykrar edýärler.
Mundan başga-da, soňky döwürde Türkmenistanda hukuk ugrundan daşary ýurtlarda alnan diplomlary ykrar etmek boýunça täze düzgün girizildi. Bu düzgün esasynda, adatdan daşary ýagdaý sebäpli okuwlaryny uzak aralykdan (onlaýn) dowam etdiren talyplaryň degişli bilim derejelerini almak üçin nä derejede taýýardygyny barlamak göz öňünde tutulýar.