UEFA çempionlar ligasynda täze düzgünleri girizmegi teklip edýär

Apr 26, 2025 - 16:47
UEFA çempionlar ligasynda täze düzgünleri girizmegi teklip edýär

UEFA 2025/26 möwsüminden başlap Çempionlar ligasynyň düzgünlerine düýpli üýtgeşmeleri girizmegi maslahatlaşýar. Bild habar gullugynyň maglumatlaryna görä, gurama häzirki wagtda klublar bilen bu teklipler boýunça pikir alyşýar.

Täze teklipleriň arasynda iň üns çekýäni – pleý-off tapgyrlarynda goşmaça wagtyň aýrylmagy bilen baglanyşykly. Eger iki duşuşygyň umumy hasaby deň bolsa, derrew penalti tapgyry belleniler. Bu üýtgeşme oýunçylaryň fiziki taýdan aşa ýadamagynyň öňüni almak üçin teklip edilýär.

Şeýle-de, umumy tapgyryň netijesinde ilkinji 8 orny eýelän toparlara täze artykmaçlyk hödürlenýär. Täze düzgün boýunça olar ähli pleý-off tapgyrlarynda jogap duşuşyklaryny öz meýdançasynda geçirmegi dowam etdirer. Häzir bu mümkinçilik diňe 1/8 final tapgyry bilen çäklenýärdi. Mysal üçin, häzirki düzgünde Arsenal umumy tapgyrda 3-nji orny eýeläp, çärýek finalda 11-nji orny eýelän Real Madrid bilen duşuşanda jogap oýnuny öz meýdançasynda oýnamaga mümkinçilik almady. Täze düzgün bolsa şeýle ýagdaýlary aradan aýyrar.

UEFA şeýle hem bir ýurtdan bolan toparlaryň dörtden bir final tapgyryna çenli özara duşuşmazlygyny gazanmagy maksat edinýär. Çünki şeýle duşuşyklaryň halkara janköýerler we telewideniýe üçin özüne çekijiligi pes hasap edilýär.

Bu teklipler 30-njy maýda Mýunhende geçiriljek UEFA-nyň Ýaryşlar boýunça Komitetiniň ýygnagynda maslahatlaşylar. Eger oňyn çözgüt kabul edilse, ol UEFA-nyň ýerine ýetiriji komitetine tassyklamak üçin hödürlener.