Gyrat - nagt pul geçirimleri
Gyrat - nagt pul geçirimleri

Häzirki wagtda Türkmenistanda ilata hödürlenýän bank hyzmatlarynyň sany yzygiderli artýar. Şol hyzmatlaryň arasynda iň giňden peýdalanylýanlarynyň biri hem içki nagt pul geçirimleri bolup durýar. Ildeşlerimiziň bir welaýatdan başga welaýata nagt serişdeleri aňsatlyk bilen iberip bilmegi üçin ýörite ulgamlar ýola goýuldy.
2009-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň "Halkbank" paýdarlar täjirçilik banky ilatymyza "Gyrat" nagt pul geçirim hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat arkaly raýatlar ýurduň çäginde islendik adamyň adyna pul geçirimlerini gysga wagtda amala aşyryp bilýärler.
Nagt serişdeleri geçirmek isleýän raýat "Halkbankyň" merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna öz raýatlyk pasporty, alyjy barada degişli maglumatlar we geçirjek nagt puly bilen ýüz tutmaly. Bankyň işgärleri ähli zerur resminamalary taýýarlap, geçirim işini amala aşyrýarlar. Pul serişdeleri dessine alyja gowuşdyrylýar.
Eger-de alyjy 7 iş gününiň dowamynda bank şahamçasyna baryp pul serişdelerini alyp bilmese, ol serişdeler ugradyjynyň hasabyna yzyna geçirilýär we bu barada ugradyja telefon arkaly bildiriş berilýär.
"Gyrat" nagt pul geçirim hyzmaty ilata çalt, ygtybarly we amatly şertlerde hyzmat berýär. Siz hem bu mümkinçilikden peýdalanmak üçin 44-49-50 telefon belgisine jaň edip has giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz.