Ýokary okuw mekdeplerinde Açyk gapylar günleri dowam edýär

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda 2025–2026-njy okuw ýyly üçin dalaşgärler bilen duşuşyklar – Açyk gapylar günleri dowam edýär. Bu çäreler ýaşlara ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşmaga we özlerine laýyk hünär ugruny saýlamaga mümkinçilik berýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
10-njy maýda sagat 15:00-da Türkmen döwlet maliýe institutynda Açyk gapylar güni geçiriler. Şol gün ýaşlar bu ýerde okaýan talyplaryň durmuşy, okuw şertleri, institutdaky fakultetler, hünärler, medeni we sport çäreleri bilen tanyşyp bilerler. Şeýle-de muzeýe baryp, institut hakynda giňişleýin maglumat alarlar.
Maliýe institutynyň salgysy: Aşgabat şäheri, 1987-nji köçe, 112 (Atamyrat Nyýazow şaýoly). Telefonlar: (+99312) 49-88-52, 49-07-92, 49-63-09.
14-nji maýda sagat 15:00-da Türkmen döwlet medeniýet instituty hem Açyk gapylar günini geçirýär. Bu ýerde dalaşgärler mugallymlar we kafedra ýolbaşçylary bilen duşuşyp, okuwa girmegiň şertleri bilen tanyşyp bilerler. Şeýle-de olar institutda döredilen şertleri – okuw otaglaryny, kitaplaryny, sport meýdançalaryny we ýaşaýyş jaýlaryny görüp bilerler.
Medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat şäheri, 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114. Telefonlar: (+99312) 48-11-30, 48-10-99.