Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda STEM usulyýetiniň ornaşdyrylmagy

Maý 11, 2025 - 17:07
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda STEM usulyýetiniň ornaşdyrylmagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary bilim edaralarynda döwrebap bilim usullary giňden ornaşdyrylýar. Şolaryň hatarynda STEM (Ylym, Tehnologiýa, Inženerçilik we Matematika) usulyýeti aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bu usul ýaşlaryň ylmy pikirlenmesini, döredijiligini we tejribä esaslanan öwreniş mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu ugurda möhüm işleri alyp barýan ýokary okuw jaýlarynyň biri hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutydyr. Bu institutda STEM usulyýeti bilen baglanyşykly birnäçe anyk çäreler durmuşa geçirilip, talyplaryň döwrebap bilim almagy ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar.

Täze okuw dersleriniň girizilmegi

2022–2023-nji okuw ýylyndan başlap, institutda fizika hünäriniň 4-nji ýyl talyplary üçin “Fizikany öwretmekde STEM çemeleşme” atly ýörite ders girizildi. Bu ders arkaly talyplara STEM usulyýetiniň mazmuny, onuň amaly taýdan peýdalanylmagy, okuw sapaklarynda teoriýa bilen praktikanyň birleşdirilmegi öwredilýär. Bu ders diňe bir teoriki taýdan däl, eýsem amaly işler arkaly hem talyplaryň döredijilikli pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Şeýle hem institutda matematika, informatika, fizika ugurlary boýunça taýýarlyk alnyp barylýan okuw meýilnamalaryna täze saýlama ders girizildi. “Robot tehnikasynyň esaslary” atly bu dersde talyplar häzirki zaman tehnologiýalarynyň esaslary bilen tanyşýarlar, robot programmirlemek, tehniki taslamalar taýýarlamak ýaly işleri ýerine ýetirýärler. Bu ugurda taýýarlanan okuw maksatnamasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan tassyklanyp, okuw amalyýetinde giňden peýdalanylýar.

STEM usulyýetiniň okuw ulgamyndaky orny

Institutda STEM usulyýeti diňe bir täze dersleriň girizilmegi bilen çäklenmän, eýsem okatmagyň umumy gurluşyna-da täsir edýär. Mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplar toparlaýyn görnüşde taslama işleri ýerine ýetirýärler. Bu işler, talyplarda hyzmatdaşlykda işleşmek, çözgüt tapmak, maglumatlary analiz etmek ýaly başarnyklary ösdürmäge ýardam berýär. Şeýle hem dersleriň arasynda baglanyşyk döredilýär, ýagny bir ugur boýunça öwrenilen bilim başga ugur bilen birleşdirilýär. Mysal üçin, fizika sapagynda öwrenilen teoriýa informatika bilen baglanyşykly programmirleme arkaly çuňlaşdyrylýar.

STEM usuly boýunça usulyýet we ylmy işler

STEM usulyýeti boýunça institutda ylmy-usuly işler alnyp barylýar. Mugallymlar tarapyndan okuw gollanmalary, metodiki görkezmeler taýýarlanylýar. Bu gollanmalarda dersleriň içinde taslama işleriniň gurluşy, laboratoriýa işleriniň gurnalyşy we tehnologiýalaryň peýdalanylyşy ýaly meseleler beýan edilýär. Şeýle hem mugallymlar we talyplar tarapyndan taýýarlanan makalalar ýurdumyzyň ylmy-usuly žurnallarynda çap edilýär. Bu makalalar STEM ulgamynyň ýokary okuw mekdeplerindäki orny, onuň peýdalary we geljekki mümkinçilikleri bilen baglanyşykly bolup, ýurdumyzyň bilim syýasatyna öz mynasyp goşandyny goşýar.

Netije we geljekki ugurlar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda STEM usulyýetiniň üstünlikli ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşinde möhüm ädimleriň biridir. Täze dersleriň girizilmegi, amaly bilimleriň ösdürilmegi, ylmy-usuly işleriň giň gerim almagy bu institutda döwrebap mugallymlary taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işleriň derejesini görkezýär. Geljekde bu başlangyçlar giňeldilip, institutda okuw-terbiýeçilik işleriniň ähli ugurlaryna STEM çemeleşmesini ornaşdyrmak bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamyna täzeçe görnüş berjek ýaş hünärmenler taýýarlanyp ýetişdiriler.