Ýürek we kelle-beýni gan-damar keselleriniň — infarktyň we insultyň — esasy howp faktorlary aýdylýar

Kardiolog Rogojkina: Ýedi sany faktor infarkt we insult howpuny ýokarlandyrýar

Noý 6, 2025 - 09:20
Ýürek we kelle-beýni gan-damar keselleriniň — infarktyň we insultyň — esasy howp faktorlary aýdylýar

Miokard infarkty hem-de işemiki insult adatça birden ýüze çykmaýar — bu kesellerden öň uzak wagtlap “howpuň ýygnanma” döwri bolýar. Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň “Terapiýa we öňüni alyş lukmançylygy boýunça milli ylmy merkeziniň” kiçi ylmy işgäri, kardiolog lukman we “Eger siziň ýüregiňiz bar bolsa” atly taslamanyň awtory Elizaweta Rogojkina “Gazeta.Ru”-a beren gürrüňinde miokard infarktynyň we insultyň öňüni almak üçin gözegçilikde saklamaly ýedi esasy faktor bardygyny ýatlatdy.

«Köp ýagdaýda näsaglar miokard infarktyny we insulty iki tapawutly keseliň görnüşinde kabul edýärler: biri ýüregi, beýlekisi bolsa beýnini zyýanlaşdyrýar. Emma hakykatda bu bir umumy patologiýa — aterosklerozyň — dürli görnüşde ýüze çykmagydyr. Bu dowamly kesel bolup, onuň netijesinde arterialaryň diwarlary galyňlaşýar, ýumşaklygyny ýitirýär we içki ýüzünde lipid (ýag) plaklary emele gelip, gan damarynyň geçiriş giňligini daraldýar, gan aýlanyşyny bozýar we dokumalary kislorodsyz goýýar. Eger ýürek myşsasyny iýmitlendirýän arteria tutulsa — miokard infarkty emele gelýär; eger beýni gan damary tutulsa — işemiki insult ýüze çykýar» diýip, lukman düşündirdi.

Rogojkina gözegçilikde saklap bolýan howp faktorlarynyň hataryna dowamly stres bilen uky ýetmezçiligini, şeýle hem iýmitde doýgun we trans ýaglaryň artyk bolmagyny girizdi. Bu ýaglar “erbet” pes dykyzlykly lipoproteinleriň derejesini ýokarlandyrýar we aterosklerozyň ösüşini çaltlaşdyrýar.

«Ýene bir möhüm faktor — arterial gipertoniýa (gan basyşynyň ýokarlanmagy). Ol aterosklerotik plaklaryň emele gelmegine we arterialaryň diwarlarynyň galyňlaşmagyna sebäp bolýar. Holesteriniň ýokary derejesi damarlaryň diwarlarynda lipidleriň ýygnanmagyna, olaryň daralmagyna we gan aýlanyşynyň bozulmagyna getirýär. Çilim çekmek hem şeýle howp faktorlarynyň biridir: nikotin damarlarda spazm döredýär, ganyň kislorod derejesini peseldýär we aterosklerozy tizleşdirýär. Şekerli diabet hem-de insuliniň garşylygy (insulinorezistentlik) hem möhüm faktor bolup, glýukoza çalşygyny bozýar, damar diwarlaryny zaýalaýar we damar “garamagasyny” çaltlaşdyrýar. Şeýle hem semizlik we pes fiziki işjeňlik bu howpy güýçlendirýär» diýip, lukman belläp geçdi.