Alymlar gan rak keselini döredýän wirusa garşy täsirli serişdäni tapdylar

VIÇ bejergisinde giňden ulanylýan tenofowir (Tenofovir) we dolutegrawir (Dolutegravir) atly derman serişdeleri, gan rak keselini döredip bilýän az tanalýan HTLV-1 wirusynyň ýaýramagyny netijeli basyp bilýändigini subut etdi. Bu barasynda Cell ylmy žurnalynda çap edilen täze gözlegde habar berilýär.

Iýul 24, 2025 - 10:40
Alymlar gan rak keselini döredýän wirusa garşy täsirli serişdäni tapdylar
Cryptographer/Shutterstock/FOTODOM

Synaglar “adamlaşdyrylan” laboratorýa syçanlarynyň üstünde geçirildi. Bu syçanlaryň immun ulgamy adam öýjüklerinden düzülýär. Beýleki görnüşler bilen deňeşdirilende, bu usul adam organizmine has ýakyn netijeleri berýär. Şol syçanlara tenofowir we dolutegrawir dermanlary bilen bejergi geçirilenden soň, HTLV‑1 wirusynyň T öýjüklerindäki işjeňligi diýen ýaly doly togtady.

Alymlaryň bellemegine görä, HTLV‑1 wirusy VIÇ bilen "doganlyk" hasaplanylýar, sebäbi ikisi hem immun ulgamynyň T öýjüklerini nyşana alýar. HTLV‑1 wirusy uzak ýyllap adam bedeninde gizlin saklanyp, soňlugy bilen T öýjükli leýkoz (gan rak keseliniň görnüşi) we oňurga ýiliginiň dowamly ýanma keselleri ýaly agyr netijeleri döredip bilýär.

Munuň öň ýanyna çenli HTLV‑1 wirusyna garşy ne täsirli sanjym, ne-de onuň ösüşini haýalladyp ýa-da saklap bilýän bejergi usuly ýokdy.

Gözlegiň dowamynda alymlar täze çemeleşmäni hem synagdan geçirdiler: wirusa garşy derman serişdeleri MCL‑1 belogynyň blokirleýjileri bilen utgaşdyryldy. MCL‑1 — ýokanç öýjükleriň diri galmagynda möhüm rol oýnaýan belok bolup, ony basyp, diňe ýokanç öýjükleri nyşana almak mümkin bolýar. Bu kombinasiýa sagdyn öýjüklere zyýan ýetirmezden, diňe ýokanç öýjükleri ýok etmäge mümkinçilik berdi.

«Bu netijeler HTLV‑1 wirusynyň öňüni almakda däl-de, eýsem eýýäm ýokançly hassalary bejermekde-de uly umyt döredýär» diýip, gözlegiň awtorlary aýtdylar.