1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene diňe bir çagalar üçin baýram bolman, eýsem olaryň hukuklaryny, saglygyny we abadançylygyny goramagyň wajypdygyny ýatladýan senedir.

Baýramyň taryhyndan
Çagalary goramagyň halkara güni ilkinji gezek 1950-nji ýylda geçirilipdi. Onuň esasy gözbaşlary bolsa 1924-nji ýylda geçirilen halkara konferensiýa, şeýle-de 1949-njy ýylda Halkara demokratik zenanlar federasiýasynyň bu baýramy döretmek baradaky başlangyjy bilen baglanyşyklydyr. Bu başlangyç BMG tarapyndan hem goldanylyp, çagalaryň hak-hukuklaryny goramak — halkara derejede möhüm ugur hökmünde yglan edildi.
Baýramçylyk çäreleri giňden bellenilýär
Türkmenistanda hem bu baýram aýratyn ähmiýete eýedir. Çagalaryň ýaşamagy, okamagy, sazlaşykly ösmegi we bagtyýar bolmagy üçin döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Mekdeplerde, çagalar baglarynda, medeniýet öýlerinde we dynç alyş merkezlerinde dürli çäreler, döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary we konsertler guralýar.
Lebap welaýatynda hem bu baýram şowhunly we şatlykly ýagdaýda geçirilýär. Welaýatyň merkezinde we etraplarynda medeni çäre guralýar. Ýöne baýramçylyk dabaralarynyň baş maksady — ulularyň çagalaryň öňündäki jogapkärçiligini ýatlatmakdyr.
Ene-atalara ýüzlenme
Çagalaryň sagdyn, akylly we ahlak taýdan kämil nesil bolup ýetişmegi ilkinji nobatda maşgaladan başlanýar. Şonuň üçin hem biz ene-atalary çagalarynyň durmuşyna ünsli, aladaly we mähirli çemeleşmäge çagyrýarys. Çaga üçin iň möhüm zat — söýgüli, düşünişýän we ahlak gymmatlyklaryna daýanýan maşgalada terbiýelenmekdir. Ene-ata — çaganyň ilkinji nusgasy, göreldesidir. Şonuň üçin çagalaryň gelejegi siziň elinizdedir.
Çagalara goýulýan söýgi — ýurduň geljegine goýulýan maýa
Çagalaryň bagtyýarlygy, olaryň döredijilikde we bilimde gazanýan üstünlikleri, döwletimiziň geljeginiň parlakdygynyň kepilidir. Nesil terbiýesine goýulýan üns — ýurdumyzy mundan beýläk hem rowaçlyklara alyp barar.
1-nji iýun — çagalaryň baýramy, parahatçylygyň we ýagşylygyň senesi!
Amulinfo.com redaksiýasy ähli çagalary bu baýram bilen gutlaýar! Size berk jan saglyk, şadyýan çagalyk we şatlykly tomus arzuw edýäris!