Aşgabat–Seul ugry boýunça uçýan ýolagçylaryň dykgatyna

“Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan Aşgabat – Seul – Aşgabat gatnawlarynda uçýan ýolagçylaryň dykgatyna!
Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, ýurda girmegiň käbir düzgünleri üýtgedildi. Indi Koreýa girjek ýolagçylar, uçuşdan iň bolmanda 3 gün öň, ýörite sanly migrasiýa kartasyny doldurmaly.
Bu kartany internet arkaly doldurmak üçin aşakdaky sahypa ýüzlenip bilersiňiz:
https://e-arrivalcard.go.kr
Sanly kartany wagtynda doldurmak, sizden ýurda gireniňizde goşmaça soraglar ýa-da bökdençlikleriň öňüni alar. Şonuň üçin uçuşdan öň bu meselä hökman üns bermegiňizi haýyş edýäris.
Maglumat "Türkmenistan" awiakompanýasynyň resmi saýtynda habar berildi. Has giňişleýin maglumat üçin ýokardaky web sahypasyna girip tanşyp bilersiňiz.