15-nji maýdan başlap Aşgabat bilen Awazanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar

2025-nji ýylyň 15-nji maýyndan başlap, Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda yzygiderli şäherara awtobus gatnawy ýola goýlar. Bu täze ugry «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurnalýar.
Şäherara awtobus gatnawynyň peteklerini gatnawyň başlanmagyna 10 gün galanda satyn almak mümkin bolar. Yolagçylara amatlylyk döretmek maksady bilen, petekler üçin onlaýn hyzmat hem elýeterli ediler.
Petekleriň satyn alynmagy üçin mümkinçilikler:
-
auh.com.tm resmi saýty arkaly
-
«Şäherara bilet» ykjam goşundysy arkaly
-
Aşgabadyň halkara awtomenzilinde
-
«Awaza» söwda merkezinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
Bu mümkinçilikler barada «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ tarapyndan resmi habar berildi.
Şäherara awtobus gatnawynyň tertibi we petekleriň öňünden sargyt edilmegi bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlary aşakdaky telefon belgiler arkaly alyp bilersiňiz:
(+993 12) 44-35-30 / 44-35-31
(+993 12) 44-35-20