Türkmen ýaşlaryna Türkiýede uçarmanlyk boýunça okuw okamak mümkinçiligi döredildi

Maý 7, 2025 - 19:30
Türkmen ýaşlaryna Türkiýede uçarmanlyk boýunça okuw okamak mümkinçiligi döredildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetinde uçarman hünäri boýunça 4 ýyllyk okuw üçin dalaşgärleri saýlap almak boýunça bildiriş berýär.

Okuw bilen bagly ähli çykdajylar şertnama esasynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Resminamalar şu salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, A. Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy AGPJ
Telefonlar: 23-47-88, 23-02-61

Dalaşgärleri saýlap almagyň tertibi

Türkiýäniň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetinde uçarmançylyk ugrunda okuw almaga isleg bildirýän ýaşlaryň aşakdaky talaplara laýyk gelmegi zerurdyr:

  1. Türkmenistanyň raýaty bolmaly,

  2. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzilindäki Lukmançylyk merkezinden uçarmanlar üçin ICAO düzgünlerine laýyklykda lukmançylyk barlagyndan 15 günüň dowamynda geçmeli,

  3. Umumy orta bilimi bolmaly,

  4. Ýaşy 25-den geçmedik bolmaly,

  5. Harby şahadatnamasy bolmaly.

Dalaşgärler giriş synaglarynyň netijelerine görä bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär. Okuw şu aşakdaky tapgyrlar boýunça başlaýar:

  • Ilki “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji söhbetdeşliginden geçmek,

  • Soňra Türkiýe Respublikasyndan gelen uniwersitet wekilleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik (synag),

  • Ahyrynda bolsa Türkiýäniň Ankara şäherindäki lukmançylyk barlaglaryndan geçmek.

Resminamalary tabşyrmak möhleti:

Resmi bildiriş çap edilen günden başlap 2025-nji ýylyň 15-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Tabşyrylýan resminamalaryň sanawy:

  • Bellenilen görnüşdäki anketa blankasy

  • Şahsy pasport (asyl nusgasy we göçürmesi)

  • Harby şahadatnama (asyl  nusgasy we göçürmesi)

  • Bilim barada resminama (asyl nusgasy we göçürmesi)

  • “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Lukmançylyk merkezinden saglyk kepilnamasy

  • Narkologiýa we psihonewrologiýa dispanserlerinden kepilnamalar

  • Soňky okaýan ýa-da işleýän ýerinden häsiýetnama

  • 3×4 ölçegdäki 8 sany surat

  • Eger dalaşgär işleýän bolsa, zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi

  • Döwlet ýa-da halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi bolan bolsa, degişli güwänamalaryň göçürmesi

Dalaşgär beren maglumatlary we resminamalary üçin şahsy jogapkärçiligi öz üstüne alýar.

Giriş synaglary barada

Giriş synaglary şu dersler boýunça geçirilýär:

  • Iňlis dili (gürlemek, ýazmak we okamak)

  • Matematika

  • Fizika

Bu dersler boýunça goşmaça taýýarlyk geçendigi baradaky güwänamalar hem kabul edilýär. Başga daşary ýurt dillerini bilýän dalaşgärleriň dili hem hasaba alnyp bilner.

Synaglar 21.07.2025 – 10.08.2025 aralygynda Aşgabatdaky “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.

Şertnama barada bellik

Bäsleşik tapgyrlarynyň ählisinden üstünlikli geçen dalaşgärler bilen “Awiakompaniýa – Talyp – Zamunçy” görnüşinde üçtaraplaýyn şertnama baglaşylýar. Şertnama laýyklykda, talyp okuwy üstünlikli tamamlandan soň awiakompaniýada uçarman bolup 10 ýyl işläp bermäge borçlanýar.

Okuwyň ähli tölegi awiakompaniýanyň hasabyna amala aşyrylýar. Okuwdan daşary çykdajylar (wiza, saglyk ätiýaçlandyryşy, iýmit, ýaşaýyş, telefon we ýol çykdajylary) bolsa dalaşgäriň öz hasabyna ýerine ýetirilýär.


Resminamalaryň terjimesi üçin

Daşary ýurtda bilim almak isleýän ýaşlar üçin resminamalaryň takyk we dogry terjime edilmegi möhüm hasaplanylýar. Bu ugurda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi Aşgabatda öz hyzmatlaryny hödürleýär.

Salgysy:
Aşgabat şäheri, Oguzhan (Aýtakow) – Ankara köçesi, A blok, 4-nji gat, 401-nji ofis
Tel: +993 63 78 96 73 / +993 12 96 48 55
Email: makulhyzmat@gmail.com