Ady rowaýata öwrülen seýis

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan bellenilip geçilýär. Baýramçylygyň çäklerinde bedewleriň arasynda dürli ýaryşlar geçirilýär. Olar «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginden, konkur we dürli aralyga çapuw ýaryşyndan ybaratdyr. Şu pursatda hormat bilen merhum seýislerimizi, çapyksuwarlarymyzy, atbakarlary ýatlasym gelýär, çünki olaryň ösdürip ýetişdiren atlaryndan gaýdýan bedewler hem çapuwa gatnaşýarlar. 2018-nji ýylda iň owadan ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan Mele bedew öz ussat seýsini ýatlatdy. Şol seýis ussat Aşyr Garrybaýdyr. Aşyr aga ahalteke atlaryny seýisläp, çapyp, dogduk obasyna, Watanyna uly abraý getiren seýisdir. Aşyr aga 1929-njy ýylda Aşgabady etekläp oturan obalaryň birinde dünýä inýär. Ol 10–11 ýaşyndan başlap, ahalteke atlaryna ömrüniň 50 ýylyny bagyş edýär. Ussat seýis 1991-nji ýylda aradan çykýar. Aşyr aganyň ýetişdiren Meleguş diýen atynyň atasyna Melehan diýýärler. Melehanyň atasyna Meýdan, onuň atasyna bolsa, Bagyrhan, Bagyrhanyň atasyna Akbilek diýipdirler. Akbilek meşhur ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany esasynda döredilen «Aýgytly ädim» kinofilminiň üsti bilen türkmen halkyny, ahalteke atyny bütin dünýä tanatdy. Şol kinofilmde Akbilek diýen aty häzirki wagtda-da Aşyr aganyň ýetişdiren aty diýip agzaýarlar. Bu kinofilm barada Aşyr aga ýatdan çykmajak bir gürrüň aýdypdy. «Gökdepeli Hydyrguly aga diýip ökde seýsiň Garagyz diýen aty bardy. Şol kinofilmiň bir ýerinde Halnazar baý: «Gelin toýunda birinji gelene bir janly baýrak haky bar» diýip gygyrýar. Hydyrgulynyň Garagyz diýen aty hem şol ýaryşa gatnaşýar. Hydyrguly şol ýaryşy çyndyr öýdüp, pellehana birinji gelýär. Şonda Alty Garlyýew Hydyrgulyny ýanyna çagyryp, şeýle diýýär: «Sen göwnüňe zat alma. Şu kinoda Akbilek ozmaly. Sen atyňy şondan öňe geçirmeli däl». Şonda Hydyrguly aga: «Meniň atym Aşyryň atyndan oýun edip hem galmaz, çyn edip hem galmaz. Alty jan, meniň münüp oturan atymy tanaýaňmy?» diýýär. «Aşyryň özi Garagyzy çapyp näçe baýrak aldy. 19 ýyl bäri 1200 metrde rekord goýup saklap gelýän atymy nädip 500 metre çapyp, başyny çekip galaýyn. Menden beterem, bu at janawar gaty namysjaň» diýipdir. Alty aga şonda «Beýle bolsa, Hydyrguly aga, bagyşla meni» diýipdir. Şeýdip, Hydyrgulynyň Garagyz diýen aty kinofilme gatnaşmady» diýip, Aşyr aga gürrüň berdi. Şonda Aşyr aga: «Şol kinofilmiň bir ýerinde gynandym. «Filmde Artygyň alaşa aty» diýen jümle bar, şol söze gynandym. Birnäçe wagtdan soň, «Akbilegi ýene-de kino düşürjek» diýip geldiler. «Ýene meniň atymy alaşa diýip görkezseňiz, şol atym athanadanam çykmaz» diýipdir. Olar hem: «Ýok, Aşyr aga, seniň atyňy aňrybaş bedew edip görkezeris» diýipdirler. Dogrudan hem şol kinoda «Akbilek Meleguş bolup oýnady» diýip, ýakymly ýatlamalaryny meniň bilen paýlaşypdy. Aşyr aganyň çapan atlaryndan ýatlap geçsek, irki döwürlerde Sandykly, Dagly, Melepli, Gamakly, Saýwa, Senem, Mahym, Akbilek, Garakeýik we beýlekilerdir. Bu atlaryň çapyp, baýrak almadyk gezekleri ýokdy. Atçylykda «ussat seýis» adyny aljak bolsaň, 500 – 600 sany çapuwyň bolmaly. Şol çapuwyň içinde ençe baýragyň bolmaly. Esasan hem, uly ýaşar atlar üçin «Derbi» baýragy bolmaly. Ikiýaşar atlar üçin «Pereň», ulyýaşar atlar üçin «Ahal» baýrak bolmaly. Aşyr aga öz seýislän bedewi bilen Pereň baýragyny hem alypdy. 1981-nji ýylda 1 müň 500 metr aralykda geçirilen ýaryşda Aşyr aganyň şol aty ýeňiş gazanyp, «Tomus» baýragyna eýe bolýar. Şonda ol çapyksuwarlygy ogly Baýla ynanýar. Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Aşyr Garrybaýew hem ussat seýisler Orazgeldi aga, Öwezgeldi aga, Ýemşik aga ýaly bu ugurda yz goýup gitdi. Türkmen bedewleriniň şanşöhratyny dünýä ýaýýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan beýik tutumlary hemişe rowaç bolsun!