Berjaý edilmeli düzgünler

Apr 24, 2025 - 23:44
Berjaý edilmeli düzgünler

Halkymyzyň asuda, abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, bolelin, eşretli durmuşyň hözirini görmegi üçin döwletimiz tarapyndan bimöçber tagallalar edilýär. Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri hem edara-kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde işçi-gullukçylaryň, talyp ýaşlaryň arasynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz—nesihat çärelerini geçirýärler. Gündelik durmuşda gerek bolan elektrik, gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamak, ulanmak we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmek möhümdir. Ýaşaýyş, edara jaýlaryndan çykyp gitmezden öň, jaýlary ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda gözden geçirip, elektrik we gaz enjamlarynyň doly öçürilendigini barlamagy ýatdan çykarmazlygy maslahat berýäris. Çünki elektrik, gaz enjamlaryny iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmagyň öwezini dolup bolmajak dürli hadysalaryň ýüze çykmagynyň ähtimallygynyň bardygyny ýatladýarys. Ýangyn dörände ýangyn söndüriş söweşjeň toparlary çagyrmazdan ozal özbaşdak ýangyna garşy göreşmek işlerini alyp barmak, ýanyp duran elektrik enjamlary elektrik ulgamyndan öçürmän, suw bilen söndürmek, ýangynyň dörän otagyndan tüssäni çykarmak üçin gapylarydyr penjireleri açyp goýmak, jaýyň ýokarky gatlaryndan düşülende lifti ulanmak, dem alyş ýollaryny goramazdan tüsseden dolan otaga girmek saglygymyza we janymyza örän uly howp döredýär. Ýangyn dörände öý ýa-da iş telefonyndan 01, öýjükli ykjam el telefonyndan 001 belgä habar bermeli. Elektrik geçirijiler ulanylanda, öz agramyna sallap goýmak, daşky örtügi zaýalanan görnüşde olaryň sütünleri birikdirilende ýönekeý usulda sarap goýmak ýa-da üstünden bezeg kagyzlary ýelmemek, alýumin bilen mis elektrik geçirijileriniň sütünlerini birikdirip elektrik geçirijileriniň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ulanmak, elektrik çyralaryň daşyna ýanyjy çig mallary örtmek ýa-da golaýynda saklamak talabalaýyk däldir.