Halk senenamasynyň syrlary

Apr 25, 2025 - 08:48
Halk senenamasynyň syrlary

Halk senenamasynyň takyk çaklamalaryny häzirki zamanyň ösen meteorologiýa ylmy hem ykrar edýär. Meniň ynam bilen beýle diýmegime bir ýaşulynyň aýdan gürrüňi sebäp boldy. Ýaş daýhanlaryň biri daýhançylykdan tejribesi ýetik gojadan:

— Ýerim taba gelip başlady. Jöwen ekibersem wagty boldumyka? — diýip sorady.

Goja kellesindäki tahýasyny öňe-yza süýşürdi. Soňam:

— «Keýikguzlan» möwsümi geçsin bakaly?! Onsoň ekin ekseň, has gowy bolar — diýdi.

Halk senenamasynda howa ýagdaýlary bilen bagly «keýikguzlan» döwri ir döwürlerden bäri mälim ekeni. Käbir haýwanlaryň köpelýän, käbir guşlaryň jübütleşýän döwrüne gabat gelýän howa ýagdaýlaryndaky üýtgeşmeler hemişe adamlaryň ünsüni özüne çekipdir. Şonuň bilen baglanyşykly «düwlen doňak, guş gaýy» diýen aňlatmalar biziň dilimize has içgin ornaşypdyr. Baharda durnalaryň gelýän döwri bilen bagly «guş gaýy» hakynda düşündiriş berip oturmagyň hajaty ýok. Düwlen suwda ýaşaýan jandar. Ol fewral aýynyň ahyrynda on gün dowam edýän doňaklykda buzuň üstünde çagalaýan ekeni. Bu döwrüň «düwlen doňak» ady şonuň bilen bagly galypdyr. Ýokarda aýdylan «keýikguzlan» döwri aprel aýynyň başyna gabat gelýär. Ýelli, salkyn howa bir hepde — on gün dowam edýän şol döwürde aýraklardyr keýikler köpelýärler. Olaryň köpeliş döwri bary-ýogy birnäçe gün dowam edýär. «Keýik tokarlarynyň aýaklanyp gitmegi üçin aram salkyn howa zerur. Bu döwre halk arasynda «keýikguzlanyň ýeli», «keýikguzlanyň salkynlygy» hem diýilýär. Tebigat bu ajaýyp jandarlaryň köpelmegine zerur şertleri döretmek isleýän ýaly ýelli, salkyn howaly günler şol döwürde dowam edýär. «Keýikguzlan» döwri geçensoň, gawun-garpyz, jöwen ýaly yssy howada gowy gögeriş alýan ekinler köpçülikleýin ekilip başlanýar.