Algebra, algoritme at beren

Apr 23, 2025 - 15:31
Algebra, algoritme at beren

Al-Horezmä çenli ýunan alymlary kwadrat deňlemeleri geometrik usul bilen çözüpdirler. Al-Horezminiň algebra usuly olary çözmegi has ýönekeýleşdirýär. Beýik astronom hökmünde Al-Horezmi Ptolemeý tarapyndan düzülen planetalaryň hereketiniň tablisasyny-da has kämilleşdirýär. Ol geografik giňişlikleri we uzaklyklary kesgitlemekde asyrlaryň dowamynda ulanylyp gelnen enjamy — astrolýabiýany oýlap tapýar. Matematika ylmynda «algoritm» we «algebra» adalgalarynyň peýda bolmagynyň sebäpkäri Abu-Abdulla Muhammet ibn Musa al-Horezmi 783-850-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Ol başlangyç bilimi Mawerannahryň we Horezmiň beýik alymlaryndan alypdyr. Ýaşlygyndan hindi we ýunan ylmy bilen ýakyndan tanyşýar. 819-njy ýylda Bagdada göçüp baryp, ol ýerde ömrüniň köp bölegini geçirýär. Halyf alMamunyň döwründe «Paýhaslar öýüne» ýolbaşçylyk edýär. Öz ylmy işleriniň birinde al-Horezmi al-Mamunyň ylma söýgüsi, alymlara hemaýat edişi barada öwgüli sözleri ýazýar. Öz döwrüniň ylymlar akademiýasy bolan «Paýhaslar öýünde» Siriýadan, Müsürden, Eýrandan, Horasandan, Mawerannahrdan gelen alymlar işläpdirler. Ol ýerde ýunan alymlarynyň pelsepewi we ylmy işleri arap diline geçirilýär. Halyf al-Mamunyň tabşyrygy boýunça al-Horezmi Ýer togalagynyň ölçegini almaga mümkinçilik berýän gurallary ýasamagyň üstünde işleýär. 827-nji ýylda al-Horezmi Sinjar çöllüginde Ýeriň meridianynyň dugasynyň gradusynyň uzynlygyny ölçemek işine gatnaşýar. Bu iş gadymyýetde kesgitlenen ölçege takyklyk girizmek maksady bilen amala aşyrylýar. Sinjar çöllüginde edilen ölçegleriň netijeleri soň ýedi asyryň dowamynda üýtgewsizligine galýar. Takmynan, 830-njy ýylda Muhammet al-Horezmi algebra boýunça ilkinji ylmy işini ýazýar. Ol ilkinji bolup algebrany çyzyk we kwadrat deňlemeleri çözmegiň umumy usullary baradaky özbaşdak ylym hökmünde öňe çykarýar. Ol sinusyň funksiýalaryndan ybarat bolan takyk trigonometrik tablisalary işläp düzýär. XVI asyra çenli al-Horezminiň kitaplarynyň terjimeleri Ýewropa uniwersitetlerinde matematika boýunça esasy okuw kitaby hökmünde peýdalanylypdyr. Alymyň astronomiýa ylmyna degişli işleri Ýewropa halklarynyň, şeýle hem hytaý diline terjime edilip, giňişleýin öwrenilip gelinýär. Geografiýa ylmyna degişli «Kitab surat al-ard» («Ýeriň suratynyň kitaby») atly işinde Muhammet al-Horezmi Ptolemeýiň käbir garaýyşlaryna takyklama berýär. Bu kitapda alym Ýeriň gurluşyny suratlandyrmak bilen, onuň kartasyny, belli-belli ýerleriň koordinatalarynyň sanawyny ýerleşdirýär. Al-Horezminiň kartasynyň gadymy ýunan astronomynyňka görä has takykdygyna garamazdan, onuň işleri Ýewropada ulanylýan Ptolemeýiň geografiýasy bilen çalşylmady. Muhammet ibn Musanyň bütindünýä taryhyna degişli «Taryh kitaby» biziň günlerimize bölekleýin gelip ýetipdir. Alym bu kitabynda taryhy wakalar, belli şahsyýetleriň ömri barada takyk maglumatlary getiripdir. Umuman, ussat dürli ugurlara degişli dokuz kitap ýazyp, olaryň ýedisi bize gelip ýetipdir.