Newrolog bilen newropatologyň tapawudy nämede?

Näme üçin newrolog bilen newropatolog bir hünär hasaplanýar?

Apr 23, 2025 - 12:00
Newrolog bilen newropatologyň tapawudy nämede?

Näme üçin newrolog bilen newropatolog bir hünär hasaplanýar — emma käte tapawut bar?

Russiýada “newropatolog” sözi öň ulanylan, häzirki wagtda bolsa könelen at bolup durýar. Häzirki lukmançylykda dogry we resmi at — newrolog. Şonuň üçin “Newrolog bilen newropatologyň tapawudy näme?” diýen sorag berilse, jogap şeýle bolar: “Tapawut ýok”.

Newrolog näme bilen meşgullanýar?

Newrolog – beýni, oňurga hem-de tutuş nerw ulgamynyň kesellerini anyklaýan we bejerýän lukmandyr.

Şu aşakdaky alamatlar ýüze çykanda, ilkinji nobatda terapewte ýüz tutmak maslahat berilýär. Ol başlangyç barlaglary geçirip, gerek bolsa, sizi ýörite hünärli lukmana ugrukdyrar:

  • myşsa gowşaklygy;

  • kelläniň aýlanmagy, deňagramlylygyň bozulmagy;

  • ellerde, aýaklarda sanjyma meňzeş duýgular ýa-da duýujylygyň ýitmegi;

  • ýat-keşde bozulmalar ýa-da ýatkeşlik ýitgisi;

  • kelle agyrylary, migrenler;

  • ýürek sowuklamalary, epilepsiýa;

  • dartgynlyklar;

  • çiş keselleri ýa-da beýni süňküniň şikeslenmeleri;

  • beýniniň ýa-da nerw ulgamynyň wirusly keselleri (meselem, menengit);

  • Parkinson keseliniň, Alsgeýmer keseliniň we beýlekileriň alamatlary.

Näme üçin käwagt "newrolog" bilen "newropotolg" tapawutly diýilýär?

Häzirki wagtda halkara lukmançylykda “newropatolog” diýen at başga bir hünäre degişlidir. Ol beýni we nerw dokumalaryny mikroskop arkaly öwrenýän ylym bolup durýar. Newropatologlar adamlary göni bejermeýärler — olar ylmy barlag bilen meşgullanýarlar. Beýniniň gurluşyny, patologiki üýtgeşmelerini öwrenýärler.

Bu hünär örän seýrekdir. Russiýada bu iş bilen patologoanatomlar ýa-da patomorfologlar meşgullanýarlar. Käbirleri diňe beýni boýunça ýöriteleşýärler. Şeýle alymlary käwagt “hakyky newropatolog” diýip atlandyrmak mümkin.

Gyzyklysy, “newropatolog” sözi rus diline nemes dilinden geçen. Nemes lukmançylyk ulgamynda bu söz diňe alymlary — ýagny beýni dokumasyny öwrenýänleri aňladýar. Emma rus tejribesinde bu hünär adamlary bejerýän lukmana hem dakylýar we şol bir adyň iki manyda ulanylyşy kök urup galýar.