Arylar reňkleri saýgaryp bilýärlermi?

Arylar hem adamlar ýaly gözi bilen görýärler, ýöne olaryň gözi başgaça görýär. Adatça, arylarda 3 sany kiçi, 2 sany uly göz bolýar. Uly gözler şekilleri, hereketleri we käbir reňkleri görmäge ýardam berýär, kiçi gözler bolsa ýagtylygyň derejesini, ugruny, şeýle hem deňagramlylygy saklamaga täsir edýär. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, arylaryň uly gözleri gök, sary we belli bir derejede ýaşyl reňkleri görmäge ukyplydyrlar. Gyzyl reňk bolsa olar üçin garamtyl görnüşde görünýär. Arylaryň reňkleri görüp bilmegi gülleri tapmakda we ugur kesgitlemekde möhüm orna eýedir.