Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin biotehnologiýa bäsleşigi geçiriler

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda biotehnologiýa ugury boýunça ilkinji internet olimpiadasyny gurnaýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berilýär.
Bäsleşigiň guramaçylyk işlerini uniwersitetiň agronomçylyk fakultetine degişli ekerançylyk kafedrasy alyp barýar.
Olimpiadada gatnaşmak isleýänler taýýarlyk ugruna ýa-da hünärine garamazdan, her ýokary okuw mekdebinden bäş adama çenli gatnaşyp bilerler.
Şahsy görnüşdäki bäsleşik 21-nji maýda sagat 14:00-da sanly ulgam arkaly geçiriler. Olimpiada gatnaşýanlara 50 sany test soragy hödürlener we soraglara jogap bermek üçin 60 minut wagt berler. Her dogry jogap soragyň kynlyk derejesine görä 1-den 5 bala çenli baha alar.
Bäsleşigiň eminler toparyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary girýär. Netijeler her gatnaşyjynyň ýygnan ballarynyň jemine görä kesgitlener.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänleriň ady, familiýasy we olaryň jogapkär mugallymlary barada maglumatlar 15-nji maýa çenli mahriitohu@gmail.com elektron poçta salgysyna iberilmelidir.
Giňişleýin maglumat almak üçin şu telefon belgiler arkaly ýüz tutup bolýar: +99363889360 ýa-da +99364975521. Şeýle-de maglumatlar uniwersitetiň resmi saýtyndaky ýörite bölüme ýerleşdiriler.