Belentligiň çuňluklarynda

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Fransiýa Respublikasynyň speleolog alymlary bilen hyzmatdaşlygyň täze sahypasy açyldy. Fransiýa Respublikasynyň amala aşyran resmi sapary, her ugurdan alanyňda hem, dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny artdyryp biljek aýratynlyklara eýe boldy. Milli Liderimiziň hyzmatdaşylygyň täzeligi we gyzykly ugurlarynyň biri bolan speleologiýa barada aýdyp, fransuz hünärmenleriniň biodürlüligi öwrenmek we ylmy-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, Köýtendagyň dag gerişlerindäki seýrek duş gelýän gowaklara eýýäm birnäçe gezek üstünlikli ekspedisiýalary amala aşyrandyklary barada nygtamagy bolsa, gatnaşyklaryň köptaraplylygynyň habarçysy boldy.
Haýwanat we ösümlik dünýäsiniň köp dürlüligi, tebigatynyň owadanlygy bilen tapawutlanýan Köýtendag gowaklarynyň gaýtalanmajak gözelligi we aýratynlyklary bilen hem dünýä syýahatçylaryny haýran galdyrýar. Köýtendag we onuň täsinlikleri fransuz speleologlarynyň ünsüni köp ýyllardan bäri çekip gelýärdi. Olar 2023-nji we 2024-nji ýyllarda ekspedisiýa gurap, dagda täze gowaklary gözlemek bilen bagly işleri alyp bardylar.
Ekspedisiýanyň agzalarynyň amala aşyran köp sanly işleriniň hatarynda Gülşirin gowagynyň 3D ölçegli surat-taslamasynyň düzülmegi, gowakdaky aýratynlyklaryň sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen şöhlelendirilmegi, gowakda 19 kilometre çenli aralykda barlag işleriniň geçirilmegi, täze gowaklaryň ýüze çykarylmagy we beýlekiler agzap geçilýär.
Täze barlaglaryň netijeleri dünýä jemgyýetçiligine ilkinji gezek geçen ýylyň 1-nji maýynda Aşgabatdaky Fransuz institutynda habar berildi. Bu saparlaryň netijeleri toparyň agzalarynyň düşüren suratlarynda aýan-aýdyň görünýär.
Gahryman Arkadagymyz geljekde türkmen we fransuz alymlarynyň şu we beýleki ugurlarda işleri bilelikde dowam etdirmegi üçin ýurdumyz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy. Bu hyzmatdaşlyk ylym dünýäsi üçin uly täzeliklere ýol açyp biler.