Bürgütler ýokary uçdy: Kristal Pelas Angliýanyň Kubogynyň eýesi

Maý 18, 2025 - 14:52
Bürgütler ýokary uçdy: Kristal Pelas Angliýanyň Kubogynyň eýesi

   2025-nji ýylyň 18-nji maýynda meşhur Uembli stadionynda Angliýanyň Kubogynyň finaly bolup geçdi. Onda «Kristal Pelas» bilen «Mançester Siti» ýüzbe-ýüz duşuşykdylar. Her iki topar üçin bu oýun diňe bir abraýly kubok ugrundaky söweş bolman, eýsem möwsümde göýberilen ýalňyşlyklary düzetmek we Ýewropa ýaryşlaryna ýol almak mümkinçiligi boldy. Iki gezek finalda ýeňlen «Pelas» üçin ýeňiş taryhy ähmiýetli bolup bilerdi, «Siti» bolsa Ýewropa arenasyndaky orunlaryny berkidip biljekdi.Oýunyň başlan pursatynda myhman topar hökmünde çykyş eden «Mançester Siti» topy öz eline aldy we londonly toparynyň jerime meýdançasynda işjeň hereket etdi. Ilkinji açyk mümkinçiligi Erling Holand elden berdi, ol Kewin De Brýuneniň passyndan soň uran topy «Pelas»-yň derwezeçisi Din Henderson tarapyndan gaýtaryldy. Londonly derwezeçi öz toparyny halas etmegini dowam etdirdi. Guardiolyň kelleden uran topyny we Joel Akandjiň  urgularyny saklamagy başardy.

«Şäherlileriň» basyşyna garamazdan, oýundaky wakalar garaşylmadyk öwrüm aldy. «Kristal Pelas» çalt garşy hüjüm gurnady: Hesus Muňos sag tarapdan pas berdi, Ebereçi Eze bolsa bir gezekde topy «Siti»-niň derwezesine iberdi. Köp geçmän, «bürgütler» üstünligini artdyrmaga ýakyn boldy — Muňosyň ýene bir passyny Ismaila Sarr tamamlady, ýöne «Siti»-niň derwezeçisi Stefan Ortega ynamly oýnady.  «Mançester Siti» uzyn wagtlap pozisiýa hüjümlerini oýnap, üstünlik gazanmaga synanyşdy. Emma «Pelas»-yň dykyz goragy «gök-asmanlaryň» howply pursatlary döretmegine ýol bermedi. Ýagdaýy düzetmek üçin ajaýyp mümkinçilik, Tairik Mitçell Bernardu Silwany jerime meýdançasynda ýykanda peýda boldy. Londonlylaryň derwezesine 11 metrlik jerime urgusy bellendii. 11 metrlik nokatda Omar Marmuş topa ýakynlaşdy, ýöne Henderson ýene-de ýeňiji bolup, urgyny saklap galdy. 

Ikinji ýarymda oýun senariýasy üýtgemedi: «Siti» topy eýeledi, ýöne «Pelas»-yň goragy kämil hereket etdi, garşydaşyň ähli synanyşyklaryna garşylyk görkezdi. Londonly toparynyň derwezesindäki iň howply pursat oýunyň soňunda ýüze çykdy, ýaş debutant Klaudio Eçewerri jerime meýdançasynyň burçundan urdy, ýöne Henderson ýerinde. «Kristal Pelas» seýrek, ýöne ýiti garşy hüjümler bilen jogap berdi. Şeýle hüjümlerden biri gol bilen tamamlandy, ýöne oýundan daşary ýagdaý sebäpli gol hasaba alnmady. Oýnuň emini 10 minut goşmaça wagt goşdy, ýöne bu «Mançester Siti»-e oýuny goşmaça wagta geçirmek üçin ýeterlik bolmady. Eminiň oýnuň gutarandygy baradaky yşaraty «Kristal Pelas»-yň 1:0 hasaby bilen sensasiýaly ýeňşini tassyklady. Taryhda ilkinji gezek «bürgütler» Angliýanyň Kubogyny gazandy, janköýerlere köpden bäri garaşylýan triumfy we Ýewropa ýaryşlaryna ýol açdy. Bu ýeňiş diňe «Kristal Pelas» üçin taryhy üstünligiň aýdyň subutnamasy boldy. «Bürgütler» ýokary uçup, Angliýa futbolynyň taryhynda öz yzyny galdyrdy.