Temmäkä garşy göreş – sagdyn durmuşyň ýoludyr

Ýurdumyzda hereket edýän «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde giň gerimli çäreleriň hukuk binýadyny üpjün edýär.

Temmäkä garşy göreş – sagdyn durmuşyň ýoludyr

Her ýylyň 31-nji maýynda bellenilýän Bütindünýä temmäkä garşy göreş gününiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda Lebap welaýatynda-da wagyz-nesihat çäreleri giň gerime eýe bolýar. Bu çäreleriň maksady — raýatlary çilimkeşligiň howplary hakynda habarly etmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýete ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Lukmançylyk ylmynda anyk subut edilişi ýaly, çilimiň adam saglygyna ýetirýän zyýany örän uludyr. Temmäkide saklanýan zäherli maddalaryň täsir etmeýän adam agzasy diýen ýaly ýokdur. Çilimiň tüssesinde 400-den gowrak zäherli himiki madda bar, olaryň 43-si dürli beden agzalarynda howply täze döremeleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Çilimi diňe bir ony ulanýanlaryň däl-de, onuň töweregindäki adamlaryň hem saglygyna ýaramaz täsir edýär.

Lebap welaýatynda bu ugurda saglygy goraýyş edaralary, bilim we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde giň gerimli wagyz-nesihat çäreleri, sport ýaryşlary, ýörişler hem-de ýaşlara gönükdirilen tematik duşuşyklar geçirilýär. Şeýle çäreleriň üsti bilen, ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine höwes döredilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek — kadaly iýmitlenmekden, beden maşklary bilen meşgullanmakdan we zyýanly endiklerden ýüz öwürmekden başlanýar. Munuň özi adamda ýagşy endikleri kemala getirýär, ýagşy endikler bolsa saglyga we bagta eltýär.

Ajaýyp zamanamyza buýsanyp, halkymyzyň bagtyýarlygyny, nesillerimiziň saglygyny üpjün etmek üçin sagdyn durmuşyň ýolundan ýöremek biziň her birimiziň borjumyzdyr!