Sähra towşany

Süýdemdirijiler maşgalasyna degişli bolan jandarlaryň biri-de sähra towşanydyr. Bu jandaryň bedeniniň uzynlygy 46 — 48 santimetre, seýrek halatlarda 50 — 52 santimetre ýetýär. Agramy 1,5 kilogramdan 3 kilograma çenli bolup bilýär. Sähra towşanynyň reňki çägä meňzeş bolup, çal öwüşgin berýär. Gulaklarynyň ujy gara reňkli, uzynlygy, takmynan, 85 — 119 millimetr töweregi. Sähra towşanynyň guýrugynyň uzynlygy 75 — 115 millimetr aralygynda bolýar. Yzky aýaklarynyň dabanlary inçe. Der mäzleri diňe aýagynyň dabanynda ýerleşýär. Şonuň üçin hereket etmedik wagtynda bedeninden hiç hili ys çykarmaýar. Bu janawar gulagynyň uzynlygy boýunça öz kowumdaşlaryndan tapawutlanýar. Sähra towşany dürli tebigy şertlerde ýaşap bilýär. Tokaýlarda, sähralarda, ýarym sähralyklarda, hatda deňiz derejesinden 1 müň 200 — 1 müň 500 metr beýiklikde bolan daglyk ýerlerde hem ýaşaýar. Özüniň ýaşamagy üçin iýmitiň bol bolan we gyrymsy ösümlikleriň gür ösýän ýerlerini saýlap alýar. Sähra towşany gündizine işjeň bolýar. Gijesini hininde uklamak bilen geçirýär. Bu jandar çalt hereket etmäge we uzak aralyga gaçmaga ukyply bolup, ýylyň dowamynda 1 — 2 gezekden 3 — 4 gezege çenli nesil berýär. Köpeliş aýratynlyklary howa şertlerine we iýmit bollugyna baglylykda üýtgeýär. Sähra towşanlary Gazagystanda, Russiýa Federasiýasynyň ähli ýerlerinde, Mongoliýa, Hytaý sebitlerinde, Hindistanda, Owganystanda, Eýranda, Afrikanyň hem-de Arabystanyň çöllerinde duş gelýär. Bu jandaryň esasy iýmiti däneliler, ýylak, ýowşan ýaly ösümliklerdir. Güýz paslynda gyrymsy ösümlikleriň inçe şahalaryny, baldaklarynyň gabyklaryny iýip oňýar. Aprel aýynda türkmen sährasyna neýsan ýagşy ýagýar. Çarwadarlar bu möwsümi «towşanlaryň köpelýän döwri» diýip atlandyrýarlar. Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlary çäge-çöllük landşafty sähra towşanynyň ýaşamagy üçin amatly ýerlerdir. Goraghananyň ylmy işgärleri tarapyndan sähra towşanynyň köpçülikleýin ýaýran ýerlerine yzygiderli gözegçilik işleri geçirilýär.